Düýn «Britiş petroleum» kompaniýasy Meksiko aýlagynda deňziň astyndan nebit çüwdürýän turbany baglamak üçin ol turbanyň döwlen ýerine nobatdaky gezek täze enjam oturtdy.
«Britiş petroleum» kompaniýasy nebit akymynyň doly togtandygy ýa togtamandygy barada indi ýörite barlagyň geçiriljekdigini mälim etdi.
Şu ýylyň 20-nji aprelinde Meksiko aýlagynda tehniki näsazlyk sebäpli nebit turbasynyň ýarylmagy zerarly deňze nebitiň guýulmasy şu günki güne çenli dowam edip geldi. Birleşen Ştatlaryň resmileri bu wakany ýurduň taryhynda tebigata ýetirilen iň uly zyýanly waka diýip atlandyrýarlar.
Hepdäniň duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň içeri işler boýunça sekretary Ken Salazar ýurduň territoriýasyna degişli deňiz giňişliklerinde burawlaýyş işlerine wagtlaýynça gadagançylyk girizilendigini mälim etdi.