Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýlyklaryň ýokarlandyrylmagy we bazar


2011-nji ýyldan aýlyk-günlükleriň, pensiýadyr kömek pullarynyň, çaga tölegleriniň, studentleriň stipendiýalarynyň 10% galdyryljakdygy hakynda 6 aý öňünden yglan edildi.

Aýlyk günlükleriň galdyrylmagy gowy garşylanýan hem bolsa, muňa ilat arasynda belli bir derejede nägilelikleriň hem bardygyny ýerli ýaşaýjy Nurgeldi aýdýar.

«10% diýýänleri ujypsyzja pul. Köp bolsa taze puldan 20-30 manat bolýar. Azyndan 20-30% galdyrsa gowy bolardy. Onsoňam aýlyk günlük galdyryrlýar diýlenden soň bazarda ir-iýmişleriň bahasy gymmatlaýar» diýip, Nurgeldi aýdýar.

Emma garaşsyz žurnalist we synçy Döwletmyrat Ýazgulyýew bu pikir bilen ylalaşmaýar. «Sebäbi bazardaky bahalar öz kanuny boýunça, ýagny harydyň bol ýa–da gytdygyna görä galýar. Şonuň üçin hem mesele aýlyk-günlügiň galmagynda däl-de, bazar ykdysadyýetine nähili geçilýändiginde» diýip, žurnalist Ýazgulyýew aýdýar.

Ýazgulyýewiň sözlerine görä, aýlyk-günlükleri 10% galdyrmak bazar ykdysadyýetiniň häzirki şertlerine talaby ödemeýär, inflýasiýany hem ýapmaýar. Gazagystanly ykdysatçy Saparbaý Jubaýew bolsa, döwletiň inflýasiýa derejesinde aýlyk-günlügi galdyrmagy diňe Merkezi Aziýa döwletlerinde däl, eýse bütin dünýäde bar diýýär.

«Merkezi Aziýa döwletlerinde aýlyk-günlükler galdyranlarynda ol hökman bazardaky bahalara täsir edýär we inflýasiýanyň ýokarlanmagyna getirýär. Emma bu umuman tersine bolmaly. Bar bolan 8-9% inflýasiýanyň öwezini dolmak üçin berilen pul bolmaly” diýip, ykdysatçy Jubaýew aýdýar.

Orta we kiçi biznes

Jubaýew orta we kiçi biznesi ösdürmek barada Merkezi Aziýanyň her bir döwletinde kanunlaryň kabul edilendigini, emma buýruk bermek ýagdaýynyň we parahorlygyň güýçli bolmagynyň adamlaryň işlemegine mümkinçilik bermeýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ykdysatçy Saparbaý Jubaýewiň pikirine görä, raýatlara öz şahsy biznesini ösdürmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diňe Gazagystanda şertler bar. “Birinjiden, Gazagystanda salgyt az. Ikinjiden, bularyň kanunlary anyk. Onsoňam telekeçilikde erkinlik we söz azatlygy bar. Olara kimdir biri azar berýän bolsa, radioda, telewideniýede, metbugatda ýazyp şowhun turuzýarlar”.

Jubaýew goňşy ýurtlaryň ençeme spesialistleri, hatda işçileri-de Gazagystanda işleýärler diýýär. “Sebäbi bu ýerde şertler bar. Aýlyk-günlük hem ýokary. Yzygiderli barlaglar ýok. Uly söwdagärler hem şu ýerde işleýärler. Sebäbi bu ýerde peýda görse bolýar» diýip, Jubaýew aýdýar.

Geçen ýyl Türkmenistan ykdysadyýetiniň 70%-e golaýyny hususylaşdyrmak barada planlarynyň bardygyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG