Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransiýadaky burka gadagançylygyna alada bildirilýär


Düýn düýbi Londonda ýerleşýän halkara Amnesty International guramasy Fransiýanyň parlamentiniň bu ýurtda musulman aýallarynyň burka geýmeklerini gadagan ediji kanunyň proýektini goldap ses bermegine alada bildirip, ýörite beýanat ýaýratdy.

Hususan-da, Amnesty International guramasy öz beýanatynda beýle kanunyň Fransiýanyň raýatlarynyň esasy hukuklaryna garşy gelýändigini belledi.

Şeýle hem, bu beýanatda aýallaryň öz isleglerine görä hereket etmeklerini çäklendirmekligiň ýerine, olaryň saýlamak erkinligini goldamalydygy nygtalýar.

Hepdäniň sişenbe güni Fransiýanyň parlamenti jemgyýetçilik ýerlerinde aýal maşgalalaryň burka geýmeklerini gadagan edýän kanunyň proýektini goldap ses berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG