Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident sowetiniň agzalary Medwedewe ýüz tutdy


Graždan jemgyýeti ösdürmek we adam hukuklary boýunça prezident sowetiniň agzalary Moskwada Dmitriý Medwedewe ýüz tutup, Çeçenistandaky adam hukuklaryny goraýjylary ýerli ýolbaşçylardan goramaga çagyrdylar.

Şu aýyň başynda Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow respublikan telewideniýe boýunça çykyş edip, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” merkeziň işgärlerini “halkyň duşmany”, “kanunyň duşmany”, “döwletiň duşmany” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň prezidentine ýüzlenmede Kadyrowyň sözleri “gös-göni hem açyk haýbat atma” diýip atlandyrylypdyr.

Prezidentiň ýanynda graždan jemgyýeti ösdürmek we adam hukuklary boýunça sowet döwlet baştutanynyň permany bilen 2004-nji ýylda döredilip, onuň düzümine adam hukuklaryny goraýjylaryň we jemgyýetçilik işgärleriň 30 gowragy girýär.

XS
SM
MD
LG