Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalary girizer


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Waşingtonyň Demirgazyk Koreýa garşy täze sanksiýalary girizjekdigini yglan etdi. Ol bu pikirini çarşenbe güni Günorta Koreýanyň resmileri bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.

“Biz Demirgazyk Koreýanyň ýaraglary satmagyna, ýaraglary we ýarag öndürmek boýunça ulanyp boljak önümleri edinmegine garşy täze sanksiýalary girizmek boýunça çäre göreris” diýip, Klinton aýtdy.

Klinton we ABŞ-nyň Goranmak sekretary Robert Geýts Günorta Koreýany goldamak maksady bilen Seula sapar etdiler. Bu sapar Demirgazyk Koreýa tarapyndan Seulyň gämisiniň weýran edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

46 adamyň ölümine sebap bolan şol wakanyň Demirgazyk Koreýa tarapyndan amala aşyrylanlygy halkara derejede geçirilen barlaglaryň netijesinde anyklandy. Emma Demirgazyk Koreýa bu aýyplamany ret edýär.

Klinton we Geýts Günorta Koreýanyň daşary işler we goranmak ministrleri bilen duşuşdylar. Gepleşiklerden soň ýaýradylan beýanatda Phenýana ýüzlenilip, şeýle agressiýalara garşy berk çäre görüljekdigi duýduryldy.

Ýekşenbe güni Günorta Koreýanyň deňiz güýçleriniň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçiriler.
XS
SM
MD
LG