Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky partlamada 13 adam heläk boldy


Yrakda bolan partlamada azyndan 13 adam heläk boldy.

Howpsuzlyk güýçleriniň maglumatyna görä, içine bomba goýlan awtomaşyn Yragyň merkezi böleginde ýerleşýän Baakuba şäherinde partlapdyr. 26 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Täze hökümeti düzmek prosesiniň süýndürilmegi söweşijileriň işjeňleşmegine alyp geler diýip, daşary ýurt synçylary aýdýarlar.

Ählumumy parlament saýlawlary 7-nji martda geçen hem bolsa Yrakda koalision hökümet üçin syýasy güýçler gepleşikleri şu wagta çenli tamamlap bilmeýärler.
XS
SM
MD
LG