Ýurduň 20-ä golaý ýokary okuw jaýlaryndaky bäş ýarym müňe golaý student ýerleri üçin dalaş etjek adamlaryň sany şu ýyl takmynan 20 müň adama golaý bolar diýip, ýerli synçylar çaklaýarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin synanyşýan dalaşgärleriň sany artdy. 2007-nji ýylda olaryň sany 40 müňden geçipdi.
Dalaşgärleriň sanynyň artmagy ýokary okuw jaýlaryna girmäge isleg bildirýän ýaşlarda para-peşgeşsiz okuwa girip bolar diýen umytdy. Emma 2009-njy ýylda ýokary okuw jaýlaryna girmäge dalaş edenleriň sany 30 müňe-de ýetmedi.
“Resmi däl sanaw”
Käbir çeşmeleriň tassyklamagyna görä, şu ýyl ýokary okuw jaýyna girmeli abituriýentleriň “resmi däl sanawy” eýýäm taýýar. Şonuň üçin türkmen ýaşlarynyň köpüsiniň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girip bilerin diýen ynamlary ýok.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin berilýän paranyň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Şu ýyl ýokary okuw jaýyna girmek üçin berilýän paranyň möçberi ortaça 18-20 müň dollar boldy diýip, käbir synçylar aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, käwagt 40, 80 müň dollar para berilýän halatlary-da bolýar.
Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin berilýän para daşary ýurtlaryň käbirlerinde bäş ýyl okap bolýar. Ýöne, muňa garamazdan, Türkmenistanda okamak isleýän ýaşlar az däl. Munuň sebäbi-de Türkmenistanda ýokary okuw jaýyny tamamlan studentiň ýurtda iş tapmak mümkinçiligi has ýokary diýlip hasaplanýar.
Daşary ýurtlara döwlet tarapyndan okuwa iberilýänlere-de iş tapmak kyn düşenok. Şu ýyl döwlet tarapyndan daşary ýurtlara okamaga iberilýänleriň sany 2746. Döwletiň ýardamy bilen daşary ýurtlara okamaga gitmek üçin ekzamenleri Türkmenistanda tabşyrylýar. Şol sebäpden döwlet tarapyndan daşary ýurtlara okamaga gitmek üçinem köplenç halatda para bermeli diýip, käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.
9-njy iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek çäresiniň hiç hili bidüzgünçiliklere we kemçiliklere ýol berilmän, talaba laýyk geçirilmelidigini degişli ýolbaşçylaryň ählisine ýene-de bir gezek duýdurýandygyny aýtdy.
Her ýyl diýen ýaly şeýle duýduryşlar edilýär. Emma, ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin tanyş-bilişiň hem-de puluň gerekdigi indi hiç kime gizlin däl. Şonuň üçin Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girip bilmedik türkmen ýaşlary öz hasaplaryna daşary ýurtlara okuwa gitmeli bolýarlar.
Daşary ýurtlara gidýänler
Öz hasabyna daşary ýurtlara okamaga gidýänleriň sany barada anyk statistik maglumatlar ýok. Şu ýyl öz hasabyna daşary ýurtlara okamaga gidýänleriň sany Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän ýaşlaryň sanyndan azyndan 2 esse köp bolmagyna garaşylýar. Daşary ýurtlara öz hasabyna okuwa gidýänleriň sanynyň 10 müňden tä 15 müňe çenli bolmagy ähtimal diýlip, çak edilýär.
Emma şu ýyl öz hasabyna daşary ýurtlara okamaga gitjekleriň sanynyň geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde azalmagynyň hem ähtimaldygyny ýerli synçylar aýdýarlar. Synçylar munuň sebäbini Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki bolup geçen etnik çaknyşyklardan soň türkmen hökümetiniň bu ýurda okuwa gitmäge gadagançylyk girizmeginiň ähtimaldygy bilen baglanyşdyrýarlar.
Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlary türkmen ýaşlary üçin öz elýeterliligi bilen amatly. Käbir maglumatlara görä, bu ýurtda ýaşamak hem-de okamak üçin ýylda ortaça 1,5 müň dollardan tä 2 müň dollara çenli çykdajy etmeli.
Emma daşary ýurtlarda öz hasabyna okap gelen ýaşlarymyz Türkmenistanda öz alan diplomlaryny tassyklatmak üçin ýörite ekzamenlerden geçmeli. Daşary ýurtlarda okap gelen ýaşlaryň ählisiniň diplomlary tassyklanmaýar. Diňe Türkmenistan bilen bilim baradaky ylalaşygy bolan ýurtlarda okap gelen ýaşlaryň diplomlary tassyklanýar.
Aşgabatly bilim işgäriniň aýtmagyna görä, daşary ýurtlardaky ýöriteleşdirilen orta hünärmen okuw jaýlaryny tamamlap gelen ýaşlaryň dokumentleri asla tassyklanmaýar. Orta Aziýa döwletleriniň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap gelen ýaşlaryň diplomlary hem tassyklanmaýar diýip, ol sözüne goşdy. Munuň sebäbini ol şol döwletler bilen bilim hakyndaky döwletara ylalaşyklaryň ýoklugy bilen düşündirdi.
Myrat Gurban Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.