Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl “Hezbollah” toparyna duýduryş etdi


Ysraýylyň goranmak ministri Ýehud Barak Ysraýylyň şäherleri raketa okuna tutulan halatynda, Liwandaky “Hezbollah” radikal toparyň obýektlerine zarba uruljakdygyny duýdurdy. Ol bu beýannamany duşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton bilen duşuşanda aýtdy.

Döwlet departamentiniň wekili Filip Krouly Baragyň sözlerini kommentirlemegi haýyş edenlerinde, “Ysraýylyň öz-özüni goramaga haky bar, ýöne Waşington iki tarapyň raketa atyşmagyna däl-de, ýaraşyk gepleşikleriniň başlanmagyna şaýat bolmak isleýär” diýdi.

Ysraýyl tarapyndan ýapyk saklanýan Gaza sektoryna üsti gumanitar ýükli gämileri ugratmak barada liwan aktiwistleriniň planlary bilen bagly habarlaryň fonunda Ysraýyl bilen Liwanyň gatnaşyklary ýitileşdi.
XS
SM
MD
LG