Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köne goşgy


Şiraly















Watan küýseginde


Agam ýok, gara-da ýok,
Ganam ýok, ýara-da ýok.
Bir täsin ile düşdük -
Begem ýok, töre-de ýok.

Haýwan adam deňinde,
Adam Hudaý deňinde,
Boýnun sallap duran ýok
Patyşaňam önünde!

Şagal şagal ýerinde,
Gurt ýerinde gurt eken.
Özünde doglan bolsaň
Ýaşalaýjak ýurt eken.

Ýöne biz bir gelmişek,
Azaşyp ýol salmyşak,
Her Täze ýyl toýunda
Aglap dutar çalmyşak...

Sargyt

Başarsaň seýran et ýedi yklyma,
Hiç ýerde kök urma, öz iliňe gaýt.
Gepleseň gepläber keseki dilde,
Ýöne aýdymyňy öz diliňde aýt!

Seňrigini ýygrar düşünmedikler,
Düşünenleň ýaş aýlanar gözüne.
Düwün-düwün, çigin-çigin ýumaklar
Öz iliňden başga nirde çözüler?

Gaýry dilde uruş, söguş, dawalaş,
"Ezizim" sözüni öz diliňe goý.
Kiçijek bir meýlis - köp dili bilmek,
Öz diliň saklamak - ullakan bir toý.

Diliň däl-de, sözüň gysgasy ýagşy,
Sargydym bar köp dil bilýän adama:
Ne-hä öz diliňde, ne özge dilde
Bir-ä dileg etme, birem aldama.


Öpüji bolma

Magtymgula we Jygalybege öýkünme

Köňlüm, menem saňa joşaýyn öwüt:
Hiç atyňy ýeke çapyjy bolma.
Kişi maşgalasy - in mukaddes zat,
Päliň azyp, gözün gypyjy bolma.

Il içre gezeniň görülmesin geň,
Ýa utul, ýa-da ut - bolma deňe-deň.
Atyş, tutuş, duşmanyňy özüň ýeň,
Özgäň ýykanyny depiji bolma.

Imandan geçseň geç, geçme aryňdan,
Ýaşa oňňut edip golda baryňdan.
Bir kemçiniň göwni üçin ýaryňdan
Yrsarap, bahana tapyjy bolma.

Rysgyňy iýjek bol halal saçakdan,
Hiç mähre garaşma sowan gujakdan.
Başarsaň sypjak bol okdan, pyçakdan,
Ýöne adalatdan sypyjy bolma.

Nebis köli kenaryny ýykmasyn,
Eli bilen eden egnin bukmasyn.
Aç öl, emma mesiň oklan lukmasyn
Ýalym-ýulum edip gapyjy bolma.

Manysyz, boş ömri ajal ýolaýsyn,
Ysgalmaýan güller solsa solaýsyn.
Şa däl-de, şalaryň şasy bolaýsyn,
Öňünde dyzyňy epiji bolma.

Iň esasy zady unudypdym tas,
Meň şu haýyşyma pugta gulak as:
Ýüzüňe gara çek, dodagňa köz bas,
Ýöne nadan elin öpüji bolma.

Daşary ýurtdan gelen turkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen gürrüňi

- Eýesin depermiş semrände eşek.
- Aý, öz eşegmiz-dä, gylaw alýa-da.
- Hany, mertebä-de ýeten ýaly şek?
- Aý, namysdan ölen barmy... Bolýa-da.

- Millet guldan beter ezilýän eken.
- Ýene, şükür... Türme mundan aňsatmy?
- Ynsan hukuklary bozulýan eken.
- O diýýäniň näme? Iýilýän zatmy?

- Gabra itýämişler ýuwaş-ýuwaşdan.
- Göni gyraýmaga çekinerler-dä!
- Saňa nä ýetenok bol-elin aşdan?
- Aý, bir boldum edip çekilerler-dä.

- Duluňdaky saçagam-a boş ýatyr,
- Aý, iliňem bizden artyk güni ýok.
- Alnyňda bahar ýok, diňe gyş ýatyr.
- Aýlawly gürleme... Hiç zat bilemok.

- Öýüň iç-daşam-a kirmi, hapamy...
- Oňa derek asmanymyz arassa!
- Haçan doýurjak ol ýekegapany?
- Aý, iýse iýsin-dä, ýetim neresse.

- Bilýämiň haýwanyň in bir mekirin?
- Goýaly şu gepi... Gözüm çekedir.
- Dur onda... Hudaýyň ikimi, birmi?
- Alla jan ýekedir. Özem tekedir!
XS
SM
MD
LG