Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geljek ýyl amerikan goşunlary Owganystandan çykarylmaz


ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýtsiň aýtmagyna görä, geljek ýyl ABŞ-nyň goşunlary Owganystandan çykarylmaz .

Geýts ýekşenbe güni ABC telekanalyna beren interwýusynda Waşington çäkli goşunyny Owganystandan çykarmagy göz öňünde tutýar diýdi.

Emma, ministriň sözlerine görä, harby kontingenti kemeltmegiň gidişi we möçberi Halkara güýçleriň gozgalaňçylara garşy operasiýalarynyň neneňsi üstünlikli boljakdygyna bagly.

Ýekşenbe güni koýalisiýanyň ilkinji agzasy hökmünde Gollandiýa Owganystandan goşunyny çykardy. Ol Owganystandaky operasiýalarynda 24 harby söweşijisini ýitirdi.
XS
SM
MD
LG