Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatar prezidenti Türkmenistana bardy


Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow
Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow

Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar edýär. Minnihanowyň 1-nji awgustda başlanan iki günlük resmi saparynyň iki halkyň gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrjagyna resmi derejede umyt bildirildi.

Tatarystan Orsýetiň Türkmenistan bilen iň aktiw hyzmatdaşlyk edýän regionlarynyň biri. 2010-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doly ygtyýarly wekilhanasy açyldy.

Şol bir wagtda-da synçylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky umumy gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ozalkylara garanda sowuklaşanlygyna ünsi çekýärler.

Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň Türkmenistana edýän iki günlük resmi sapary “Awaza” syýahat zonasynda geçýär. 1-nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmen metbugatynda nebiti öndüriji we gaýtadan işleýji region bolan Tatarystanyň ýangyç-energiýa ugrundan Türkmenistanyň iň iri ýaranlarynyň biridigi bellendi. Söwda-ykdysady gatnaşyklar özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ýene biri.

Orsýetli analitik, Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň professory Dmitriý Arapowyň bellemegine görä, Tatarystan Orsýetiň çäginde ykdysady taýdan iň güýçli ösýän we halkara gatnaşyklaryny ösdürýän regionlaryň biri.

“Orsýetiň Federasiýa subýektleriniň beýleki ýurtlar we ilkinji nobatda-da postsowet döwletleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge ygtyýarlydygyny” professor D.Arapow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmen-rus gatnaşyklary

Türkmenistanyň öňki diplomaty Numuhammet Hanamow Tatarystanyň alyp barýan daşary syýasatyna Orsýet bilen gatnaşyklaryň çäginde garalmaly diýip, pikir edýär we regionlaryň Kremliň täsiri astynda galýanlygyny belleýär.

Orsýetiň prezidenti D.Medwedew we türkmen kärdeşi G.Berdimuhamedow, 22-nji dekabr, 2009-njy ýyl.
Soňky döwürde türkmen-rus gatnaşyklarynda öňküsine garanda belli bir sowuklygyň emele gelenligi baradaky pikirler bar. Orsýetiň “Wremýa Nowosteý” gazeti iki ýurduň prezidentleri 2009-njy ýylda dört gezek duşuşyk geçiren bolsa, şu ýylyň başyndan bäri gepleşikleriň geçirilmänligini belleýär.

Orsýetiň iri gazeti munuň sebäbini şu ýylyň aprel aýynda Gyrgyzystanda bolan häkimiýet çalşygynyň yz ýany Orsýetiň prezidenti D.Medwedewiň käbir postsowet döwletlerindäki režimlere beren ýiti bahasy we Aşgabadyň goşa türkmen-rus pasportyna eýe raýatlara basyş etmegi bilen baglanyşdyrdy.

31-nji iýulda Türkmenistnyň we Orsýetiň prezidentleriniň arasynda telefon gepleşikleri geçirildi. Resmi maglumatlarda G.Berdimuhamedowyň Orsýetde yssy howa netijesinde dörän ýangynlar bilen bagly gynanç bildirip, ýardam teklip edenligi aýdyldy. Onuň D.Medwedewi Türkmenistana sapar etmäge çagyranlygy hem habar berildi.

Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň professory D.Arapow Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň ozalky ýyllara garanda onçakly aktiw alnyp barylmaýanlygynyň sebäbini ýurtlaryň özara gaz söwdasyna gyzyklanmasynyň gowşanlygyndan görýär.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň we Tatarystanyň prezidentleriniň arasynda 2-nji awgustdaky ýokary derejeli gepleşikler söwda-ykdysady, ýangyç-energiýa, gumanitar we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine gönükdirilýär.

Ykdysady gatnaşyklar

Tatarystanyň Türkmenistanda amala aşyrýan iri proýektleriniň biri “Awaza” syýahat zonasyna degişli. Tatarystanyň “KER Holding” kompaniýasy “Awazada” sport we saglygy dikeldiş kompleksini öz hasabyna gurar. Şol bir wagtda-da “Awazada” gurulýan obýektler esasan Türkmenistanyň hasabyna Türkiýäniň gurluşyk kompaniýalary tarapyndan gurulýar.

Berdimuhamedow Kazanda, 28-nji iýun, 2008-nji ýyl.
Türkmenistan Tatarystanyň gurluşyk ýük maşynlaryny çykarýan “Kamaz” zawodynyň iri hyrydarlarynyň biri. 2008-nji ýylyň iýul aýynda Aşgabatda “Kamazyň” öwrediş-söwda serwis merkezi açyldy. “Kamazyň” hasabyna gurlan, bahasy ýedi million dollarlyk bu merkez ýylda bir müň töweregi “Kamaz” maşynlaryna hemmetaraplaýyn hyzmat etmäge ukyply.

2009-njy ýylda Türkmenistan “Kamaz” bilen şertnama baglaşyp, maşynlary we ýörite tehnikany satyn almak boýunça baglaşylan umumy bahasy 100 million dollarlyk şertnamanyň taýýar önümlerini satmak we maliýe serişdeleri taýdan kynçylyk çeken “Kamaz” zawodyna ýardam bolanlygyny synçylar belläpdiler.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň “Türkmendöwlethowaýollary” awiakompaniýasy Tatarystanyň “Kazan dikuçar zawodyndan”, şertnama baglaşyp, bahasy 22 million dollarlyk Mi-17-1b kysymly dikuçarlarynyň ikisini satyn aldy.

2008-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň Tatarstana resmi saparynyň dowamynda G.Berdimuhamedowa Kazan uniwersitetiniň adyndan ylymlaryň doktory diýen at berildi.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň bu hormatly ada “Ylymyň, bilimiň, demokratik institutlaryň, şeýle-de ylym-bilim boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine goşan goşandy üçin mynasyp bolanlygy” aýdyldy.
XS
SM
MD
LG