Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wekili Berdimuhamedow bilen duşuşdy


Duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewraziýanyň energiýa meseleleri boýunça ýörite wekili Riçard Morniňstar Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Olar iki ýurduň energiýa hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler.

Bu duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Linn Treýsi hem gatnaşdy.

R.Morningstar nebit gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary barada Nebit-gaz senagaty we mineral resurslar ministrliginde, Uglewodorow resurslary baradaky döwlet gullugynda we “Türkmengaz” döwlet konserninde gepleşikler geçirer.

Ilçi R.Morningstasr 4-nji awgusta çenli Türkmenistanda bolar.
XS
SM
MD
LG