Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sosial - ykdysady ýagdaýa syn edildi


2-nji awgustda geçirilen hökümet maslahaty ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlandy. 2010-njy ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça berlen hasabatda milli ykdysadyýetiň durnukly depginde ösýänligi resmi derejede yglan edildi.

Türkmenistanyň hökümet maslahatynda yglan edilen sanlara görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aralygynda ýurduň umumy içerki önümçiliginiň derejesi durnukly ösüşe eýe boldy. Gurluşyk pudagynyň ösüşi 161%-den aşdy. Transport we aragatnaşyk pudagynda 128%, söwdada 114% we oba hojalygynda 108% ösüş gazanyldy.

Resmi maglumatlarda aýdylyşyna görä, geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi hem ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna 40% ýokarlandy.

Global krizis we türkmen ykdysadyýeti

Regional bilermen Aleksandr Karawaýew 2010-njy ýylyň birinji ýarymyna degişli statistika esaslanyp, Türkmenistanyň resmi derejede yglan edýän sanlarynyň görkezýän ýokary ykdysady ösüşiniň postsowet giňişliginiň hiç bir döwletinde göze ilmeýänligini belledi.

Postsowet döwletlerinde syýasy-jemgyýetçilik prosesleri öwrenýän informasion-analiz merkeziniň bilermeni A.Karawaýew regionda ösüşiň depgininiň global maliýe krizisiniň başlanmagy bilen haýallanlygyny, ilkinji nobatda-da maliýe we gurluşyk pudaklaryna uly zeper ýetenligini belledi.

Geçen 10 ýylyň dowamynda gurluşyk pudagy regionda iň güýçli depginde ösen pudaklaryň biridi. Häzir Russiýa Federasiýasy, Gazagystan we Azerbaýjan bu ugurdan öňe saýlanýan döwletler.

Häzirki wagtda Orsýetiň umumy içerki önümçiliginde gurluşyk pudagynyň paýy 1,5-2% töwereginde. Deňeşdirmek üçin alsaň, ÝB-niň umumy içerki önümçiliginde gurluşyk pudagynyň paýy 9% töweregi. Bu barada ors metbugaty habar berýär.

Hökümet maslahatynda G.Berdimuhamedow şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň umumy içerki önümçiliginiň ösüşinde nebit-gaz pudagynyň paýynyň azalanlygyny aýdyp, gurluşyk pudagynyň ösüşiniň geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 180% ýokarlananlygyny aýtdy.

Gurluşykdaky ösüş nämäni aňladýar?

Syýasy-jemgyýetçilik prosesleri boýunça informasion-analiz merkeziniň bilermeni Aleksandr Karawaýew Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüş görkezijileri ýurduň ykdysadyýetiniň öňküsi ýaly ýapyklygyna galýanlygyny görkezýär diýip, hasap edýär.

Bilermeniň pikirine görä, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýapyklygy, bir tarapdan, ony daşarky ykdysady prosesleriň täsirinden, şol sanda negatiw täsirlerinden çetde saklaýar. “Gurulmaly obýektler, olaryň bahasy, sarp edilýän serişdeleriň mukdary döwletiň doly garamagynda galýar”.

Türkmenistanyň ykdysady strukturasynyň Nyýazow döwründen üýtgemänligini belläp, A.Karawaýew ýylyň başyndan bäri syn edilen döwre degişli yglan edilen statistika maglumatlarynyň türkmen ýolbaşçylarynyň gurluşyk pudagyna çykdajylaryny artdyranlygyndan habar berýänligini tassyklady.

Maslahatda ýurduň 2008-2010-njy ýyllarda daşary syýasy strategiýanyň durmuşa geçirilişi, milli kanun sistemasyny kämilleşdirmek, ýurtda demokratiýany, jemgyýeti, medeniýeti we habar serişdelerini ösdürmek, şeýle-de bilim, saglyk, sport hem syýahatçylyk pudaklaryny özgertmek boýunça döwlet syýasatynyň alnyp barlyşy barada pudak ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlendi.

Prezidenti kanagatlandyrýar

G.Berdimuhamedow ýurduň sosial-ykdysady ösüşinden kanagatlanma bildirdi we ilatyň sosial-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet programmalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň we planlaryň kesgitlenen wagtyň çäginde üstünlikli alnyp barylýanlygyny aýtdy.

Ýurduň prezidenti G.Berdimuhamedowyň sözlerine görä, döwlet býujetiniň girdeji bölegi çykdajy böleginden artyk. Milli ykdysadyýete ýatyrylýan maýa goýumlaryň mukdary geçen ýyla garanda 140% artdy. Aýlyklaryň derejesi hem 112% ýokarlandy.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda aýlyklar ençeme sapar ýokarlanypdy. Emma, muňa garamazdan, ilatyň, hususan-da oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň gün-güzeranynyň agyrlygyna galýanlygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar. Munuň esasy sebäpleriniň arasynda ýurtdaky agyr işsizlik derdi agzalýar.

Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşini görkezýän sanlar hökümet tarapyndan yzygiderli yglan edilýärkä, ýurtda ilatyň girdejilerine degişli maglumatlar, hususan-da býujetiň hasabyna aýlyk alýanlaryň, oba zähmetkeşleriniň, döwlete garaşly bolmadyk ugurlarda işleýänleriň we işsizleriň sanyny görkezýän statistiki sanlar asla aýan edilmeýär.
XS
SM
MD
LG