Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Meken Tu” partiýasynyň lideri tussag


Biznesmen we “Meken Tu” partiýasynyň lideri Urmat Barktabasow Bişkegiň golaýynda polisiýa bilen gepleşik wagtynda, 5-nji awgust
Biznesmen we “Meken Tu” partiýasynyň lideri Urmat Barktabasow Bişkegiň golaýynda polisiýa bilen gepleşik wagtynda, 5-nji awgust

“Meken Tu” partiýasynyň lideri Urmat Barktabasow 5-nji awgustda Gyrgyzystanyň Balykçy şäherine gidip barýarka, özüniň birnäçe adamlary bilen ele salyndy. Olaryň awtoulaglaryndan birnäçe ýarag we ok-dari tapyldy.

U.Barktabasowyň garşysyna jenaýat işi açylyp, derňew işleriniň başlanandygy habar berilýär. Emma onuň tarapdarlary Barktabasowyň çagyran halk gurultaýynda hökümeti basyp almak niýetiň bolmandygyny aýdýarlar.

“Meken Tu” partiýasynyň lideri U.Barktabasow “adamlary köçä çykaryp, hökümeti güýç bilen basyp almaga synanyşykda we ok-ýaraglary bikanun edinmekde” günälenip, oňa garşy jenaýat işi gozgaldy.

Metbugata ýüzlendiler


Prezident Roza Otunbaýewa, baş prokuror Baýtemir Ibraýew hem-de Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keňeşbek Düýşebaýew U.Barktabasowyň ele salynmagy barada 5-nji awgustda žurnalistler üçin metbugat konferensiýasyny geçirdiler.

Gyrgyz prezidenti R.Otunbaýewa
R.Otunbaýewa ýurduň parlament saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görülýän döwründe ikinji gezek hökümeti basyp almaga synanyşan U.Barktabasowy ele salmak barada kabul edilen karar dogry ädim boldy diýip hasaplaýar.

Metbugat konferensiýasynda çykyş eden Gyrgyzystanyň prezidenti R.Otunbaýewa adamlaryň arasynda ýaýran dürli howsalaly gep-gürrüňleri ýalana çykaryp, häzir gorkmaga hiç hili esasyň ýokdugyny öňe sürdi.

Ilat arasynda “ýene-de bir rewolýusiýa bolýarmyş” diýen gürrüňiň gezýändigi hakdaky habarlar bar. Bu barada R.Otunbaýewa şeýle diýdi: “Parlament saýlawlarynyň öň ýanynda durus. Saýlaw gowy geçsin. Adamlar saýlawlar nähili geçer diýip, bizden soraýarlar. Biz öz halkymyzyň howpsuzlygyny üpjün ederis”.

R.Otunbaýewa özlerinde U.Barktabasowyň jenaýatçydygy barada anyk maglumatlaryň bardygyny hem aýtdy: “Bäş ýyllap ýurduň daşynda gezdi. Gelip “hökümet meniňki, men oturmaly hökümetde” diýýär. Näme üçin biz oňa hökümeti bermeli? Hökümeti güýç bilen almak hereketlerine biziň şeýle jogap berenimiz dogry diýip hasaplaýaryn”.

Aýyplama uly

“Meken Tu” partiýasynyň lideri U.Barktabasow 5-nji awgustda Bişkekde özü we özüniň tarapdarlary tarapyndan gurnalan gurultaýa Yssyk kölden gelýärkä Gyrgyzystanyň ýörite gulluklary tarapyndan ele salyndy.

U.Barktabasowyň adamlaryndan tapylan ýaraglar
Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keňeşbek Düýşebaýewiň sözlerine görä, U.Barktabasow bilen bile 27 adam ele salnypdyr. Olardan awtomatlar, sapançalar hem-de aw tüpeňleri, şeýle-de 200-den gowrak ok-dari, granatlar alnypdyr.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keňeşbek Düýşebaýew gurultaýa gelenlere pul berlendigini, U.Barktabasowa puluň mundan üç gün öň K.Bakyýewiň garyndaşlaryndan gelendigini belledi.

Ozal Gazagystanyň sud organlarynyň korrupsion işlere, ykdysady jenaýatlara gatnaşygy bar diýip, U.Barktabasowyň garşysyna jenaýat işini açandygy aýdyldy. Şonuň üçin hem ol ele salynsa, Gazagystana berilmeginiň mümkindigi aýdylypdy.

U.Barktabasowa 2005-nji ýylda Ak tama girmek üçin eden hereketleri boýunça hem jenýat işi açylan. Emma U.Barktabasowyň tarapdarlary gurultaýda hökümeti basyp almak planlarynyň bolmandygyny aýdýarlar. Olaryň käbirleri U.Barktabasowyň Gazagystanyň graždanydygyna hem ynanmaýarlar.

Barktabasowyň tarapdarlary

U.Barktabasowyň özi 4-nji aprelde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “özüniň halkyň gamyny iýýändigini, halkyň arzuw-niýetlerine üns bermeldigini, şu günki günde halkyň adalatlylyga mätäçdigini” aýdypdy.

U.Barktabasowyň tarapdarlary polisiýa güýçleri bilen, 5-nji awgust
“Meken Tu” partiýasynyň lideri ele salnansoň, bu partiýanyň tarapdarlary öz talaplary ýerine ýetirilýänçä berk durjakdyklaryny aýtdylar. Emma olar nähili hereket etjekdiklerini açyk belli etmediler.

Talas welaýatyndan “Meken Tu”partiýasynyň lideri U.Barktabasowyň tarapdarlarynyň biri Taalaý Şeraliýew häzirki hökümetiň öňki hökümet ýaly demokratiýanyň talaplaryny, adam hukuklaryny bozýandygyny aýtdy.

Şeraliýewiň sözlerine görä, onuň özi we başga-da ýene üç adam Talas welaýatynyň Içeri işler bölümine çagyrylyp: “Siz U.Barktabasowa eýermäň, ol bikanun hereketler edýär” diýen manyda duýduryş alypdyrlar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň wekilleri bolsa, “Meken Tu” partiýasynyň tarapdarlaryna haýbat atman, olar bilen diňe gürrüň geçirendiklerini Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG