Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň terrorizme garşy göreş baradaky edarasynyň kordinatory Daniel Benjamin düýn paýtagt Waşingtonda gelnen netijeleri bildirdi.
Benjamin: “Öten ýyl biz ýene bir möhüm zady öwrendik. Al-Kaýdanyň ideologiýasy amerikanlara täsir etmez diýilýän pikir dargap gitdi. Ýurt içinde radikallaşma problemamyz beýleki günbatar ýurtlarynyň köpüsinden ep-esli pes bolsa-da, käbir möhüm wakalaryň görkezişi ýaly, ýene hüşgär bolmagymyz gerek” diýdi.
Anyk mysallar
Möhüm wakalar diýiläniň biri Owganystanda doglan, Birleşen Ştatlaryň hemişelik ýaşaýjysy Najibullah Zaziniň Nýu Ýorkuň metrosynda bomba partlatmagy planlaşdyranlygy. Ol Pakistanyň Weziristan regionynda Al-Kaýda tarapyndan türgenleşdirilipdir.
Wirjiniýada doglan Nidal Malik Hasanyň öten noýabrda Tehasyň harby bazasynda bolan adam heläkçiligine getiren atyşykda eli bar diýlip aýyplanmagy, 2008-nji ýylyň aýaklarynda Bombeý hüjüminde “Laşkar-e Taiba” bilen hyzmatdaşlykda günäli tapylan Deýwid Headleý bilen bagly wakalar hem hasabatda ýörite nygtalýar.
Düýn hasabatyň ile ýetirilmegi bilen bir wagtda Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holder 14 adama Somalide ýerleşýan Al-Kaýda bilen ilteşikli terroristik topar Al-Şababa kömek edenlikde günä bildirilýändigini aýtdy. Bularyň arasynda amerikan graždanlary-da bar.
“Minnsetotada, Alabamada we Kaliforniýada adamlaryň tutulmagy, olara günä bildirilmegi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Al-Şababa pul we söweşiji toplan howply liniýanyň üstüni açýar” diýip, Birleşen Ştatlaryň baş prokurory E.Holder aýdýar.
Hasabatda diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda doglup, terroristler bilen hyzmatdaşlyk edýänleriň däl, eýsem ekstremizme gol ýapýan amerikanlaryň sanynyň hem artanlygy bellenilýär.
Hüjümleriň sany azaldy
Ýöne hasabatda aýdylyşyna görä, 2009-njy ýyl geçen bäş ýyllykda tutuş dünýäde bolan terrorçylykly hüjümleriň sanynyň iň pes ýyly bolupdyr. Terroristik hüjümleriň sany geçen ýylda 11 müň töweregi boldy. 2006-njy ýylda bolsa 14500-e golaý bolupdy. Öten ýyl bu hüjümlerde ölenleriň sany 15 müňden aşakda.
Ýöne “Terrorizme garşy milli merkeziň” direktorynyň orunbasary Russ Trawers sanlaryň aşaklamagyna terrorizme garşy göreşde bolan öňegidişlik diýip baha bermezligi maslahat berýär.
R.Trawers şeýle diýýär: “Biz indi ençeme ýyl bäri aýdyp gelýäris. Dünýä boýunça berilýän umumy sanlar terroristlere garşy göreşde gazanylan üstünligiň derejesini ölçemekde dogry görkezijiler däl. Näme üçin? Sebäbi biz öten ýyl 83 ýurtda bolan 250 töweregi topary kataloga girizdik. Ol toparlaryň maksatlary, hereket edýän ýerleri tapawutly. Onsoň olaryň hemmesini bir ýere goşmak dogry bolmaz”.
Hasabatda terrorizmi goldaýar diýip pikir edilýän döwletler-de sanalýar. Kubany, Sudany we Siriýany-da öz içine alýan sanawdaky ýurtlaryň arasynda bu ugurda iň işjeň hasaplanýany Eýran. Tähranyň 2009-njy ýylda-da terroristik guramalary, şol sanda "Hizbullah", "Hamas", şeýle-de Orta Gündogar we Merkezi Aziýadaky beýleki söweşiji toparlary goldamagy dowam etdirenligi aýdylýar.