Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Keselhana düşen özüň bolma!


“Tokmak” žurnalyndan, 7-nji iýul, 1987-nji ýyl. Awtor: W.Ýan
“Tokmak” žurnalyndan, 7-nji iýul, 1987-nji ýyl. Awtor: W.Ýan

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda dabaraly we şowhunly ýagdaýda umumymilli döwlet möçberindäki «Saglyk» maksatnamansynyň kabul edilmeginiň 15 ýyllygy bellendi.

Ýurduň köpçülikleýin habar serişdelerinde 2006-njy ýylyň ahyryna çenli bu maksatnamanyň kabul edilmegi we ondaky göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy hut beýik Türkmenbaşynyň şahsy tagallalary, onuň ady bilen baglanyşdyrylýardy.

Emma S.Nyýazow aradan çykansoň täze prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Saglyk» maksatnamasynyň gözbaşynda duran esasy adamlaryň biri edilip görkezilip başlandy.

Tereziniň agyr tarapyna geçmegi endik edinen ýurduň habar serişdeleri bu günki gün saglygy saklaýyş sistemasyndaky bar edilen gowy işleri, ýetilen sepgitleri häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşdyrýar.

Ýöne häzir gurruň bu barada däl. Näme diýilse-de, soňky 15 ýylyň içinde Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynda özgerişler boldy. Muny boýun almak gerek. Döwlet tarapyndan goýberlen maliýe serişdeleriniň hasabyna paýtagtda-da, welaýat merkezlerinde-de häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan kesel anyklaýyş merkezler, enäniň we çaganyň saglygyny goraýan «Ene mähri» atly saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi.

Emma bu gurlan ymaratlar «ýurduň saglygy saklaýyş ulgamynda hemme problemalar çözüldi, hemme zat gülala-güllük» diýmege mümkinçilikdir esas berenok. Sebäbi häzirki zaman medisina merkezleri, kaşaň ymaratlar saglygy saklaýyş sistemasynyň diňe daşky, hemmäniň, has hem daşary ýurtlardan gelen myhmanlaryň gözüne görünýän tarapydyr. Bilşimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri, beýleki pudaklarda bolşy ýaly, saglygy saklaýyşda-da daşky bezege, görnüşe mydama aýratyn üns berip geldi.

Daşy jäjek, içi möjek

Ýönekeý adamlar bilen saglyk hakynda ýa-da edilýän medisina hyzmatlary hakynda gürrüň gozgasaň, olar ilkinji nobatda: «aý, syrkawlap keselahana düşen özüň bolmaweri» diýip, Biribardan dileg edýärler.

«Gazanyldy» diýlen üstünliklere garamazdan, ilatyň aglaba bölegi ýurtda edilýän medisina hyzmatlarynyň hilindenem, lukmanlaryň hünär ussatlygyndanam, tölegleriň bahasyndanam, keselhanalardaky şertlerdenem nägile.

«Etrap keselhanasynda iýulyň jokrama ysysynda men tas ölüpdim» diýip, biri aýtsa, beýlekisi «edil sygyr sagan ýaly edip pulumy aldylar» diýip zeýrener.

Hudaýguly atly 30 ýaşly ýigit özüniň Daşoguz welaýatyndaky keselahanada geçiren günlerini ýatlap, jany ýanmakdan hem gülýär, hemem aglaýar. Ol: «Käbir türmelerdäki şertlerem bu keselahanadakydan gowy. Ýuwunmaga suw ýok, palatada dem alar ýaly däl, howa petiş, aýnany açsaň, siňekdir çybynyň derdinden ýatyp bolanok, berilýän iýmiti agzyňa alar ýaly däl, şonuň üçin nähoşlaryň yzyndan iýmäge bir zatlar getirseler ne ýagşy, getirmeseler açlygyňdan öläýmeli. Däri-dermanlary özüň satyn almaly. Şepagat uýasyna, tam süpüriji aýala her wagt ýatladyp durmasaň, sanjymam wagtynda edilmez, ýatan ýeriňem tämizlenmez. Baryndan beteri-de bu çeken jebirleriňe senden «medisina hyzmatlary tölegli» diýip, pul baryny alýarlar» - diýýär.

Beýleki sistemalarda bolşy ýaly, saglygy saklaýyş ulgamynda-da ogurlyk, parahorluk, gözboýagçylyk ýaly ýaramaz hadysalar kök urup, damar ýaýratdy. Hasabatlardan çen tutsaň, näsaglara goýberilýän azyk önümleriniň hiline-de, assortimentine-de, mukdaryna-da at dakar ýaly däl. Emma ol görkezilen eti we beýleki önümleri näsaglaryň gündeki iýmit rasionynda görmersiň. Hassalar üçin niýetlenen azygyň haýsy ketdeleriň öýlerine gidýändigini anyklajak bolýanam ýok.

Nädip ýagdaýy düzedip bolar?

Meniň bilen söhbetdeş bolan adamlar bu soraga her hili jogap berdiler. Ýokarda ady tutulan Hudaýguly atly ýigit «prezidentimiz, öňki ketdämiz ýaly, keşbini üýtgedip, hiç kime öňünden duýdurman, keselhanalara gelse, bu ýerde bolýan zatlary öz gözi bilen görse» diýip, arzuw edýär. Hudaýgulynyň pikiriçe, diňe şeýle edilende, saglygy saklaýyş sistemasynda dowam edýän kemçilikler we nogsanlyklar aradan aýrylar.

Emma köpler Hudaýgulynyň bu pikiri bilen ylalaşmaýar. Olar: «Prezident prezidentlik wezipesini ýerine ýetirsinmi ýa-da ýeke-ýekeden bar bolan keselhanalara aýlanyp görsünmi?» diýip, Hudaýgulynyň teklibini ret edýärler.

Iň netijeli we iň amatly serişde hökmünde köp adamlar metbugaty we beýleki köpçülikleýin habar serişdelerini agzaýarlar. Olaryň pikiriçe, «şular ýaly kemçlikleri açyp görkezmekde, tankyt etmekde žurnalistlere erkinlik bermeli, eger bu bolýan zatlar barada aç-açan aýdylsa, günäkärlering atlary tutulsa, onda medisinada ýagdaýyň düzelmegi ähtimal».

Saglygy saklaýyşda ýagdaýy düzedeýin diýse, prezidentde-de, saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrinde-de, welaýat häkimleriniň bu pudaga gözegçilik edýän orunbasarlarynda-da, keselahanalaryň baş lukmanlarynda-da ähli mümkinçilikler bar. Muňa diňe erk-isleg gerek.

Arman, olar ýaly isleg agzalan wezipeleri eýeleýän ketdelerde ýok bolmaga çemeli, sebäbi «dokuň açdan habary ýok» diýleni. Wezipeli ketdelere şol keselhanalarda ýa-da saglygy anyklaýyş merkezlerinde aýratyn hyzmat edilýändigi, aýratyn şertler döredilýändigi hemmä mälim ahyry!

Şatlyk Öwezow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG