Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nagasaki atom pidalarynyň gününi belleýär


Ýaponiýanyň Nagasaki şäheri şu gün amerikan atom bombasynyň pidalarynyň gününi belleýär.

Hatyra çäresinde Nagasaki şäheriniň meri çykyş edip, ol bombanyň 65 ýyl mundan öň, ýerli wagt bilen 11 sagat 2 minutda taşlanandygyny aýtdy. Bu gün şol wagtda bütin şäher boýunça 1 minutlyk dymyşlyk yglan edildi.

Mitiňde şäher meri Tomohisa Taue şeýle diýdi: “Biz Ýaponiýany, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Koreýany ýadro ýaragsyz zona öwürmek ugrunda göreşmelidiris. Şonuň üçinem bize ABŞ-nyň ýadro penasyna bil baglamak ýeterlik däl. Ýadro zarbasynyň pidasy bolan Ýaponiýa dünýäde, şol sanda Demirgazyk Aziýada ýadro ýaragyna garşy göreşýänleriň lideri boldy”.

1945-nji ýylyň 9-njy awgustynda bolan şol bomba hüjüminden Nagasaki şäherinde 80 müň adam ölüpdi. Ondan 3 gün öň, ýagny 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosimä ilkinji atom bombasy taşlanypdy.

Ol ýerlerde şol günüň özünde we birnäçe aýyň dowamynda 140 müň çemesi adam ölüpdi.

Geçen anna güni Hirosimada bolan ýas çäresine ilkinji gezek ABŞ-nyň resmi delegasiýasy gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG