Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz parlament saýlawlary 10-njy oktýabrda geçiriler


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa parlament saýlawlarynyň şu ýylyň 10-njy oktýabrynda geçiriljekdigini yglan etdi.

Resmiler Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Oş welaýatynda gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasyndaky çaknaşyklar köşeşýänçä saýlawlaryň geçirilmeli gününi yglan etmekden saklanyp gelipdiler.

Gyrgyzystanyň hökümeti iýun aýynda bolan dartgynlykdan soň ýurduň günorta regionlarynda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýyň hem ýatyrylýanlygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG