Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň däne ekinleriniň dörtden bir bölegi gurady


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew şu ýylky adatdan daşary yssy we gurakçylyk sebäpli ýurduň däne ekinleriniň dörtden bir böleginiň gurandygyny aýtdy.

Orsýetiň günorta regionynda oba-hojalyk işgärleri we gallaçylyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda eden bu çykyşynda ol ýurduň üç regionynda tokaý ýangynlary sebäpli girizilen adatdan daşary düzgün ýagdaýynyň hem ýatyrylýandygyny mälim etdi.

Ýakynda Orsýetiň hökümeti gurakçylykdan çekilen ýitgiler sebäpli şu ýylyň 15-nji awgustyndan 31-nji dekabryna çenli daşary ýurtlara galla önümleriniň eksport edilmeginiň togtadylýandygyny yglan edipdi.

Geçen ýyl Orsýet galla önümleriniň eksportynyň möçberi boýunça dünýäde üçünji ýurt bolupdy.
XS
SM
MD
LG