Senator Jon Kerri aşa ýagyş zerarly emele gelen silden ejir çekýän ilaty halas etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşmak üçin geljek hepde Pakistana sapar eder.
ABŞ-nyň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Dan Feldman bu saparyň tebigy betbagtçylygyň ilata ýetiren täsirine ABŞ-nyň we halkara jemgýyetçiliginiň ünsüni çekmek üçin uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.
Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy bolan Jon Kerri 20 million adama täsirini ýetiren bu heläkçiligi ýakyndan görmek üçin Pakistana barjak ilkinji ýokary derejeli amerikan wekili bolar.