Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly hyzmatlary hödür edýän hemme hususy firmalaryň 4 aýyň dowamynda ýapylmagy baradaky karary kabul etdi.
Şol firmalar sebäpli owgan hökümetiniň, NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň we ABŞ-nyň arasynda dartgynlylyk emele gelipdi.
Prezident Hamid Karzaý şeýle hususy firmalaryň Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň işlerine päsgel döredip, esgerleriň türgenleşigine zerur bolan resurslary özlerine alýandyklaryny birnäçe gezek aýdypdy.
Karzaýyň bu çykaran kararyna NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň garşy bolmagyna garaşylýar. Sebäbi NATO öz harby bazalaryna ýük iberende, olaryň howpsuzlygy hut hususy kompaniýalar tarapyndan üpjün edilýär.