Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International Aşgabada ýüzlenýär


Türkmenistanyň prezidenti we hökümetiň agzalary BMG-niň baş sekretary bilen duşuşykda, 2-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň prezidenti we hökümetiň agzalary BMG-niň baş sekretary bilen duşuşykda, 2-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Türkmenistanda graždanlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmegi adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň üns merkezinde.

16-njy awgustda adam hukuklaryny goraýjy Amnesty International guramasy beýannama ýaýradyp, Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygynyň çäklendirilmesiniň dowam edýänligi zerarly aladalanma bildirdi. Bu gurama Türkmenistanyň häkimiýetlerine ýüzlenip, ýurduň öz halkara borçlaryny ýerine ýetirmegi barada çagyryş etdi.

Amnesty International beýannamasynda graždanlaryň ýurtdan erkin çykmak we ýurda gaýdyp barmak hukugynyň berjaý edilmeginiň we ýurduň içerki ýagdaýyna halkara derejesinde açyk syn edilmeginiň halkara kanunlarynda göz öňünde tutulýanlygyna ünsi çekýär. Gurama öz ýaýradan beýannamasynda Türkmenistandaky we ýurduň daşyndaky çeşmelerine salgylanýar.

Soňky yza gaýdyşlyk

Amnesty International guramasy Türkmenistanda müňlerçe adamyň ýurda baryp gaýtmak mümkinçiligini çäklendirýän düzgünlere we goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň ýurtdan gaýtmakda çekýän kynçylyklaryna degişli soňky wakalaryň aladalanmalary hasam güýçlendirýänligini 16-njy awgustda ýaýradan beýannamasynda ýazýar.

Guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili Lidiýa Aroýu Türkmenistanda adamlaryň hereket azatlygyny çäklendiriji düzgünleriň adamlaryň saglygyna we janyna howp salýan halatlarynyň hem az däldigini belläp, gyssagly ýagdaýda saglygyny bejertmek üçin daşary ýurtlara barýan adamlaryň ýurtdan goýberilmändigi zerarly heläk bolýan halatlarynyň hem bardygyny aýtdy.

Guramanyň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti tarapyndan gol çekilip, 1-nji awgustda işe girizilen düzgün jemi 37,057 adamyň Türkmenistandan çykmagyny gadagan edýär, şeýle-de halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň we 8,000-den gowrak tanymal şahslaryň bu ýurda barmagyny gadagan edýär.

Daşyndan synlamaly

Amnesty International Türkmenistanda adam hukuklarynyň yzygiderli depelenmeginiň we halkara synçylaryny ýurda goýbermekden häkimiýetleriň ýüz öwürýänliginiň aladalandyrýanlygyny belleýär. Gurama Türkmenistana barmak üçin ýurduň häkimiýetlerine edip gelýän öz ýüzlenmeleriniň hem henize çenli jogapsyz galýanlygyna ünsi çekýär.

Beýannamada bellenişine görä, BMG-niň ýörite hasabatçylarynyň diňe biri, ýagny dini azatlyklar boýunça hasabatçysy Türkmenistana barypdy. BMG-niň gynamalar boýunça ýörite hasabatçysynyň Türkmenistana barmak ugrundaky synanyşyklary 2003-nji ýyldan bäri türkmen resmileri tarapyndan ret edilip gelinýär. BMG-niň tötänleýin tussaglar boýunça ýörite hasabatçysy hem ýurda goýberilmeýär.

Türkmenistana baryp gaýtmagy çäklendiriji düzgünleriň we ýörite sanawlaryň bolmagy türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi derejede tassyklanmaýar, ret hem edilmeýär. Soňky döwürde daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň açyk gapylar syýastyny alyp barýanlygyny yzygiderli nygtaýarlar.

Niýet näme?

Wenada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin Türkmenistanda belli bir adamlar, jemgyýetçilik aktiwistleri, žurnalistler we halkara guramalar babatdaky hereket azatlygyny çäklendiriji çäreleriň resmi derejede düzgünleşdirilen görnüşde amala aşyrylýanlygyna şübhelenmeýär.

Adam hukuklaryny goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, türkmen häkimiýetleri ýurda girjek belli bir adamlaryň we ýurtdan çykjak raýatlaryň hereketlerini çäklendirmek arkaly demokratik özgerişlere ýol bermezlik we şol bir wagtyň özünde-de ýurtdaky bikanunçylygyň dünýä paş edilmeginiň öňüni almak maksadyna eýerýärler.

Sentýabr aýynda Ýewropa parlamentinde Türkmenistan bilen ýaranlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekmek meselesine garalmagyna we ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar. Amnesty International Ýewropa parlamentini Türkmenistan bilen ylalaşyk boýunça gutarnykly karara gelmezden ozal adam hukuklarynyň depelenmegine degişli wakalary öwrenmäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG