Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň paýtagty Bagdatda onlarça harby esger öldi


Sişenbe güni Yragyň paýtagty Bagdatdaky harby türgenleşik merkezinde amala aşyrylan bomba partlamasynda harby esgerleriň onlarçasy öldi.

Yragyň harby güýçleriniň metbugat sekretary Saleh Aziz bu wakada 58 adamyň ölüp, 123 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Munuň özi soňky birnäçe aýyň dowamynda Yrakda amala aşyrylan iň köp adam ýitgili hüjümdir.

Partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG