Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Pakistandaky krizisi maslahatlaşdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Pakistan boýunça ýörite maslahatynda çykyş edýär, Nýu Ýork, 19-njy awgust.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Pakistan boýunça ýörite maslahatynda çykyş edýär, Nýu Ýork, 19-njy awgust.

Hepdäniň penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy sil heläkçiliginiň Pakistanda döreden gumanitar krizisine bagyşlap, ýörite maslahat geçirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň bu maslahatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary Pakistandaky sil heläkçiliklerinde ejir çekenlere ýardam üçin ýene goşmaça 60 million dollar maliýe ýardamyny bermekçidigini mälim etdi. Şeýlelikde, Birleşen Ştatlaryň Pakistana berjek umumy ýardamy 150 million dollara deň bolar.

Mundan daşary, Waşington sil heläkçilikleriniň bolan ýerlerinde halas ediş işlerini amala aşyrmak üçin Pakistana 18 sany harby wertolýoty hem ugratdy.

Pakistanyň 20%-i suwda

Birleşen Milletler Guramasy Pakistanyň taryhynda iň bir ýaramaz sil heläkçiligi diýlip hasaplanylýan bu gezekki sil heläkçiliklerinde ýurduň 20 prosent territoriýasyny sil suwunyň basandygyny we 4 milliondan gowrak adamyň öwsüz-öwzarsyz galandygyny aýdýar.

BMG-niň maglumatyna görä, häzirki wagt Pakistanda azyndan 8 million adama gyssagly gumanitar ýardamlar zerur bolup durýar. Ol adamlaryň janyna açlygyň we dürli keselleriň howp salýandygy aýdylýar.

Resmi maglumatlara görä, Pakistandaky bu sil heläkçiliklerinde zyýan çeken adamlaryň umumy sany 20 million töweregi diýlip hasaplanylýar. Bu tebigy betbagtçylykdan dörän krizisiň kem-kem çuňlaşyp gidip oturmagy bilen, ýurduň hökümeti hem ejir çekenlere ýardam bermekde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Ejir çeken adamlar Pakistanyň hökümetini talabalaýyk gyssagly çäreleri ýola goýmaýanlykda aýyplaýarlar we muňa gahar-gazaplaryny bildirýärler.

Soňky üç hepde bäri ýerli we halkara gumanitar guramalary, şeýle hem Pakistanyň harbylary silden ejir çeken adamlaryň ýüz müňlerçesine azyk, medisina, agyz suwy we palatkalar bilen yzygiderli ýardam berip gelýärler. Ýone bu gumanitar ýardamlaryň ýeterlik derejede guramaçylykly ýola goýulmandygy sebäpli, bu ýardamlar hemme ýerde talabalaýyk ýaýradylmaýar.

Goldawa mätäç

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi BMG-niň Baş Assambleýasynyň düýnki sessiýasynda eden emosional çykyşynda öz ýurdunyň görlüp-eşidilmedik tebigy betbagtçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady.

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda, 19-njy awgust.
«Pakistanlylar gaýduwsyz adamlar. Synaglar we kynçylyklar biziň üçin ýat zat däl. Bu halk 2005-nji ýylyň weýrançylykly ýer yranmasynda ejir çeken we 80 müň sany doganlarymyzyň ýitgisine gaýduwsyzlyk bilen döz gelen halk. Biz berk tutanýerlilik we gaýduwsyzlyk bilen terrorizme hem-de ekstremizme garşy halkara göreşiniň agyr keşigini çekýän halkdyrys» diýip, Şah Mahmud Kureşi aýtdy.

Şah Mahmud Kureşi öz ýurdunyň halkynyň halkara göreşine goşýan goşandyny bellemek bilen, indi öz hakynyň halkara jemgyýetçiliginden beriljek goldawa umytly garaýandygyny nygtady.

Öz gezeginde Birleşen Milletler guramasy hem Pakistanda ejir çekenlere has köp goldawlaryň berilmegine çagyryş edip gelýär. Emma, şeýle-de bolsa, Pakistana berilýän goldawlar Günorta Aziýa regionynda ýüze çykan sunami betbagtçylygynda ýa-da Gaitide ýüz beren ýer yranmada berlen goldawlara görä has pes derejede boldy.

BMG çagyryş edýär

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun öz çykyşynda donor ýurtlary we guramalary Pakistana has köp goldaw bermeklige çagyrdy.

«Biz geljek 90 günüň dowamynda 460 mllion dollar toplamak üçin gyssagly ýüzlenme kabul etdik. Biz esasy donorlaryň sahylygynyň netijesinde eýýäm bu göz öňünde tutulýan serişdäniň 60 prosentine golaýyny topladyk. Ýöne şol göz öňünde tutulýan serişdäniň dolulygyna hem-de häziriň özünde toplanmagyna zerurlyk bar. Siziň göz öňünde tutýan planlaryňyz iş ýüzünde herekete girmeli, ol hereket hem ýerlerde özgerişlik döretmeli» diýip, Ban Ki-Mun nygtady.

BMG-niň düýnki maslahatynyň barşynda Aziýa Ösüş banky häzirki bar bolan we geljekki berilmegi göz öňünde tutulýan 2 milliard dollarlyk kredit ýardamlaryny Pakistandaky häzirki dikeldiş işleri üçin gönükdirjekdigini mälim etdi.

Saud Arabystan öz gezeginde Pakistana 80 million dollar, Ýewropa Bileleşigi bolsa ýene goşmaça 38 million maliýe ýardamyny bermekligi planlaşdyrýandyklaryny yglan etdiler. Ýewropa Bileleşigi mundan öň hem Pakistana eýýäm 50 million dollar ýardam beripdi.
XS
SM
MD
LG