Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zerur bolsa, ABŞ Yrakdaky roluny dikelder


Birleşen Ştatlaryň Yrakdaky baş serkerdesi ýerli güýçleriň geljek ýyl amerikan goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagyna taýýar boljagyny, ýöne zerur bolsa Amerikanyň söweş hereketlerine dolanyp biljegini aýtdy.

General Reý Odirno CNN-de efire berlen interwýuda eger howpsuzlyk güýçleri bu işiň hötdesinden gelmeseler ýa-da syýasy agzalalyklar Yragyň howpsuzlyk güýçlerini bölse, Birleşen Ştatlaryň goşunlary özleriniň söweş rollaryna dolanyp biler diýdi.

Häzirki plana görä, 50 müň töweregi amerikan esgeri 2011-nji ýylyň ahyryna çenli Yrakda galyp, tälim hem kömek güýçleri hökmünde gulluk eder.
XS
SM
MD
LG