Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Türkmenistanda konferensiýa geçirdi


Şu gün Türkmenistanda adamlary zahmetde ekspluatirlemek maksady bilen amala aşyrylýan adam gaçakçylygyna garşy göreşe bagyşlanyp bir günlik konferensiýa geçirildi.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýaýradan şu günki resmi maglumatyna görä, bu konferensiýany ÝHHG guramasy bilen Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilelikde gurnapdyr.

Oňa ýurduň döwlet edaralaryndan, graždan jemgyýetine degişli guramalardan, halkara guramalaryndan hem Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalaryndan 45 adamyň gatnaşandygy habar berilýär.

Konferensiýada adamlary zahmetde ekspluatirlemek maksady bilen amala aşyrylýan adam gaçakçylygyna garşy göreşde ulanylýan usullar barada gürrüň edilendigi aýdylýar.

Şeýle hem bu konferensiýanyň bu ugurda tejribe alyşmak maksady bilen geçirilendigi metbugat beýanatynda nygtalýar.
XS
SM
MD
LG