Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakdaky harby operasiýalaryny tamamlaýar


Şu gün ABŞ Saddam Huseýn häkimiýet başyndan agdarylandan 7,5 ýyl soň Yrakdaky harby operasiýalarynyň tamamlanýandygyny resmi suratda yglan eder. Bu barada prezident Barak Obama telewideniýede ýüzlenme bilen çykyş eder.

Şonuň bilen bagly 1-nji sentiýabrdaky dabara gatnaşmak üçin ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Yraga bardy.

2003-nji ýylyň martynda senator Barak Obama Amerikanyň Yraga çozmagyna garşy bolupdy. Ol Yrakda urşy bes etmek wezipesini 2008-nji ýyldaky prezidentlik kampaniýasynyň baş temalarynyň biri edipdi.


XS
SM
MD
LG