Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

1-nji sentýabr


1-nji sentýabr diňe bir mekdep okuwçylary üçin däl, olaryň hossarlary, garyndaşlary, tutuş jemgyýet üçin aýratyn bir gün. Şol güne, sapaklaryň başlanmagyna ýurt diňe bir praktik taýdan däl, psihologik nukdaý nazardan näderejede taýýar?

Mekdepler bilen bagly ýagdaý propagandynyň baş şygary - täze galkynyşlara bap gelýärmi? Ýa-da henizem mekdeplerde, olaryň programmalarynda geçmişiň köne ýükleri saklanýarmy?

Täze okuw ýylynyň mekdep programmalarynda “Ruhnama” sapagyny 1-nji klasdan 10-njy klasa çenli hepdede bir sagatdan okatmak planlaşdyrylypdyr. Bu Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende, elbetde, öňe gidişlik. Sebäbi öňki prezidentiň döwründe bu sapak tas hemme sapaklaryň sapagydy, dersleriň dersidi. Şol döwür bu kitap propagandanyň esasy ýaragy bolup, ol çagalary, ýaşlary kütekleşdirmekde, bir ugra daňyp goýmakda ulanylýardy.

Ýakynda tutuş ýurt Nyýazow döwrüniň baş simwolynyň - Türkmenbaşynyň altyn çaýylan heýkeliniň şäheriň merkezinden ýitirim edilmegine şaýat boldy. Şunuň ýaly ykbal, belki, Nyýazow döretdi diýilýän, eýýäm türkmen jemgyýetinde birnäçe nesle öwredilip ýetişilen “Ruhnama-da” garaşýandyr?

Betbagtçylykly ýakyn geçmişiň altyn simowlyndan şeýle ýeňillik bilen dynmak başardan bolsa, “Ruhnamanyň” geljege tarap gadam urmaga şansy juda az. Geçen okuw ýylynda Türkmenistanyň mekdeplerinde “Ruhnamadan” başga “Ýaşaýyş durmuş esaslary” diýen sapak geçilýär. Ýörite okuw kitaby ýa programmasy bolmadyk bu sapakda G.Berdimuhamedowyň “Derman otlary” kitaby-da öwrenilýär.

Ýurduň mekdeplerindäki ýagdaýyň islenýän derejesinden daşdadygy barasynda signallar gelip gowuşýar. Paýtagtda, welaýat merkezlerinde umumy ýagdaý uzak etraplardaky regionlar bilen deňeşdirilende elhalrak. Bu deňeşdirme mekdepleriň ýagdaýyna degişli.

Tankyt nämä degişli?

Ýakynda geçiren hökümet maslahatynda prezident gol astyndaky çinownikleri oba ilatynyň, posýoloklaryň, etrap merkezleriniň we şäherçeleriň ilatynyň sosial-durmuş şertlerini üýtgedip gurmak programmasynyň amala aşyrylyşyndaky kemçilikler üçin tanyktlady. Görnüşine görä, bu tanykt mekdeplere-de degişli bolsa gerek.

Propagandistik maşyn uzak obalarda ýagdaýy düzetmegiň oňyn mysallaryny getirmek bilen problemany ýumşatmak boýunça täze ädimler ädip başlady. Şu kontekstde prezidentiň tankydyna jogap hökmünde Serdar etrabynda şol programma bat alýarmyş. Ol ýerde iki sany häzirki zaman mekdebiniň gurluşygy planlaşdyrylypdyr.

Ýöne şunuň ýaly az sanly maglumatlar esasynda ýagdaý tutuş ýurt boýunça edil paýtagtdaky, welaýat merkezlerindäki ýaly gowy tarapa özgerýär diýen netijä gelmek mümkin bolmasa gerek.

Soňky hökümet maslahatlarynyň birinde türkmen ýolbaşçylarynyň täze uly bir plany - ýurtda dokument dolanyşygynyň elektron sistemasyny ornaşdyrmak plany yglan edildi. Bu uly kompýuterleşdirme plany Türkmenistanyň mekdeplerini näderejede öz içine alar? Mekdep programmasynda kompýuter esasy predmetleriň biri bolarmy? Eger şeýle bolsa, ol hökümete daşarky dünýäden yza galyşy aradan aýyrmakda netijeli kömek berip biler. Hut kompýuter tehnologiýasy we onuň ýaşlykdan öwrenilmegi ösüp gelýän nesle geljek bilen ýüzbe-ýüz bolanda özüni gowy duýmaga mümkinçilik berer.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG