Sişenbe güni Amerikanyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň Yrakdaky 7,5 ýyllyk uruş missiýasynyň tamamlanandygyny yglan etdi.
Obama telewideniýe arkaly ilata ýüzlenip, şeýle diýdi: “Biziň goşunlarymyzyň, raýat spesialistlerimiziň, Yragyň güýçleriniň tagallasy bilen Yrakda täze ykbala eýe bolmaga mümkinçilik bar - hatda bu bar bolan problemalara garamazdan. Şunlukda men ABŞ-nyň Yrakdaky uruş missiýasynyň tamamlanandygyny yglan edýärin. Mundan beýläk öz ýurdunda howpsuzlygy üpjün etmekdäki esasy rol Yragyň halkyna düşýär”.
Barak Obama 2008-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasynda eger prezident saýlansa, Yrakdaky urşy tamamlamagy amerikanlara söz beripdi.
ABŞ Yrakda 50 müň söweşijisini saklar. Olar yraklylara türgenleşik geçmäge we mümkin bolan durnuksyzlyga jogap bermäge kömek eder. ABŞ-nyň esgerleri 2011-nji ýylyň ahyrlarynda Yragy terk ederler.