Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly goja agyr günde


Çoor Kazi Abad obasynyň 80 ýaşly ýaşaýjysy Gul Şirin
Çoor Kazi Abad obasynyň 80 ýaşly ýaşaýjysy Gul Şirin

Ýaňy-ýakynda Pakistanda bolan suw joşmasynda Çoor Kazi Abad obasynyň 80 ýaşly ýaşaýjysy bütin maşgalasyny diýen ýaly ýitirdi.

“Meniň maşgalamdan 13 adam öldi. Olaryň üçüsi – ogullarym, bäşisi – agtyklarym, aýalym hem gyzym, ikisi – gelinlerim, biri-de gyzymyň gaýyn enesi. Şonda alty sany sygrymyzy-da sil aldy” diýip, 80 ýaşly goja Gul Şirin aýdýar. “Biz ähli zadymyzy ýitirdik. Men hiç zatsyz galdym. Bu Allanyň emri bolsa gerek” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Bu betbagtçylyk haçanda, 29-njy iýulda Swat jülgesindäki garyp obada güýçli ýagyşdan soňra suw joşanda boldy. Swat jülgesinde ýaşaýyş juda agyr. Geçen 80 ýylyň dowamynda ýurtda bolan suw joşmalar Swat we onuň golaýyndaky etraplara uly zyýan ýetirdi. Gul Şiriniň öýüniň ýakynyndaky köçeler, köprüler, myhmanhanalar weýran boldy. Sosial işgärleriň we ýerli ilatyň aýtmagyna görä, ýüzlerçe adam daglyk obalarda jülgede bolýan wakalaryň tomaşaçysy bolup galdylar. Olaryň köpüsi azyk we däri-derman ýetmezçiligi bilen ýüzbe ýüz.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Nawaz Han Swat jülgesine we oňa goňşy Hyber Pahtunhwa welaýatynyň etraplaryna sapar etdi. Onuň habaryna görä, köp ýerde diňe harabalyklar bar. Adamlar bary-ýogy 20 kilogram däne üçin pyýada ýa-da eşekli birnäçe sagatlap, käte bütin gije-gündiz ýol geçýärler. Ýerli ilat suw joşmalaryň ýüzlerçe adamyny alyp gidendigini we olaryň aglabasynyň jesediniň entek tapylmandygyny habar berdiler.

Pattan regionynda gurulýan bendiň howpsuzlygyna jogapkär 48 ýaşly Abdul Reşit gözüniň öňünde 59 adamyny suwuň alyp gidendigini aýtdy. “Suw juda güýçli geldi we iki minudyň içinde iki müň kwadrat metri geçdi. Biziň lagerimizi hem suw aldy. Şol güýçli gelen suw üç sany Hytaýly inženeri, üç sany howpsuzlyk ofiserlerini, bir işçini we 52 sany ýerli ýaşaýjyny alyp gitdi” diýip, Reşit aýtdy.

Kohistan etrabyndaky ýagdaý

Kohistan etrabynyň ýaşaýjysy Dost Muhammet garyndaşlarynyň 44-ni ýitirdi. 40 ýaşly kitaphanaçynyň sözlerine görä, suw joşmadan owal onuň obasynda 75 öý bardy. “Men hossarlarymyň 44-ni ýitirdim we olaryň jesetleri entegem tapylanok. Bularyň arasynda çagalar, ýaşlar we bir garry adam bardy. Olar meniň doganoglanlarym, ýegenlerim we beýleki garyndaşlarym” diýip, Dost Muhammet gürrüň berdi. Ol hökümetden ýa-da ynsanperwerlik kömegini edýän guramalardan ýardam gelmändigini sözüne goşdy.

Kohistan etrabynyň başga bir ýaşaýjysy 40 ýaşly Sohair bolsa özüniň azyk meselesinde goňşy obalara juda garaşlydygyny aýtdy. Hyber Pahtunhwa welaýatynyň hökümeti maliýe kömegine örän mätäçdigini habar berdi. Ol Pakistanyň merkezi hökümetiniň ähli ýardamy Penjab we Sinh welaýatlaryna edýändigini aýtdy. Bu regiona ynsanperwerlik kömegini edýänleriň we ýerli ilatyň pikiriçe, emele gelen weýrançylyk Pakistanyň hökümetiniň ýa-da Halkara jemgyýetçiligiň hasaplamalaryndan has köp.

Pakistanyň nagt pula suwsan ýerli häkimiýetleri halkara donorlaryň kömegini paýlaşmakda özara dawalaşýarkalar, suw joşmalaryň müňlerçe pidalary bir bölek çörege, sanlyja kilogram bürünje, nohuda we ganda garaşýarlar. Pakistandaky güýçli suw joşmada maşgala agzalarynyň köpüsini ýitiren 80 ýaşly goja Gul Şirin hem şolaryň biri.
XS
SM
MD
LG