Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary okuw jaýlaryndaky korrupsiýa


Türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almaga bolan höwesleriniň juda uly bolmagynyň esasy sebäbi olaryň bilimsizlere ýurtda hiç bir düşewüntli käriň, wezipäniň ýokdugyna gözleriniň ýetmegi bilen düşündirilýär.

Ýurtda tölegli, gijeki, gaýybana ýokary okuw mekdeplerini açmak barada indi iki ýyl bäri yzygiderli agzalyp gelinýän-de bolsa, bu meselede anyk ädimler ädilmeýär.

Her ýyl türkmen mekdeplerini 100 müňden gowrak okuwçy tamamlaýar. Olaryň diňe 5 müňden gowragy ýurduň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Islendik az zadyň gymmatynyň artýanlygynyň kanuny bolşy ýaly, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilmeli talyplaryň sanynyň az bolmagy bu ugurda korrupsiýanyň ösmegine sebäp bolýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglaryndaky korrupsiýa barada ýerli zenan bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin sag tarapdaky audio düwmäni basyň.
XS
SM
MD
LG