“Ýurda gizlin gelen sygan immigrantlaryny ýurtdan çykarmak meselesi boýunça Fransiýa öz pozisiýasyny üýtgetmez” - diýip, degişli ministrligiň baştuany Erik Besson aýtdy.
Şeýlelikde, ol şenbe güni Fransiýanyň ençeme şäherinde we Ýewropa ýurtlarynyň paýtagtlarynda syganlaryň ýurtdan çykarylmagyna garşy geçirilen aksiýalary “Ýekşenbe gazetine” beren interwýusynda kommentirledi.
Protestleri gurnanlaryň berýän bahasyna görä, Fransiýadaky aksiýalara ýüz müň töweregi adam gatnaşypdyr. Polisiýa 77 müň adamyň gatnaşandygyny aýdýar.
Bessonyň sözlerine görä, gizlin migrasiýa garşy göreş meselesi ÝB-niň ýurtlarynyň, şeýle-de ABŞ-nyň we Kanadanyň ministrleriniň şu gün boljak duşuşygynda maslahatlaşylar.