Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Kabul bankynyň ygtybarlydygyny aýdýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý Kabul bankynyň ygtybarlydygyny we müşderileriň dowla düşmesiniň ýerliksizdigini aýdýar.

Kabuldaky maliýe başagaýlygy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00


Hamid Karzaý bankyň işindäki bidüzginçilikler barada çykan makalalardan soň dowla düşen müşderileriň bankda goýan pullaryny yzyna alýanlygy baradaky habarlar sebäpli köşeşdiriji gürrüň etdi.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý Kabul bankyny goldamak üçin öz hökümetiniň ýeterlik gurbunyň bardygyny nygtady. Karzaý bu mesele barada 2-nji sentýabrda Kabulda eden çykyşynda şeýle diýdi: «Kabul banky ygtybarly we adamlar ondan aladalanman biler. Owgan hökümeti bilen Merkezi Bank bu banka goldaw berýär. Ol Owganystandaky iň uly banklaryň biri. Şu gün Maliýe ministrligi Kabul bankyna 100 milliondan 150 milliona çenli dollar geçirdi.»

Ol bu geçirilen pullaryň banka şu aýda berilmeli aýlyk haklaryny wagtynda tölemek üçin ýeterlik boljagyny nygtady. Bu bank hökümetiň 250 müň çemesi resmisine aýlyk haklaryny tölemekde ulanylýar.

Karzaýyň sözleri Kabul bankynyň batmak ähtimallygy baradaky habarlar sebäpli dörän krizis wagtynda ýaňlanan iň güýçli kepillik boldy. Ýöne dowla düşen adamlaryň bir topary eýýäm bankdaky pullaryny çykaryp alypdy.

Kabul bankynyň iň uly iki paýdarynyň biri Halylulla Feruzi Birleşen Ştatlarda çykýan «New York Times» gazetine soňky iki günde bankyň müşderileriniň ol ýerden 180 million dollar çykaryp alandygyny aýtdy. «Eger bu şeýle dowam etse, biz saklanyp bilmeris» diýip, ol gazete beren gürrüňinde bildirdi.

Nämeden başlandy?

Kabul bankynyň başagaýlyklary bölekleýin ýagdaýda 30-njy awgustda bankyň başlygy Şerhan Farnud bilen ýerine ýetiriji direktory Feruziniň işden çekilmeginden başlandy. Bu iki adam Kabul bankynyň uly paýdarlaryndandy. Olar Merkezi Bank hususy maliýe institutynyň töwekgelçilikli maýa goýum işlerinde we beýleki çärelerde 300 million çemesi dollar ýitirendigi barada subutnama tapandan soň, işden çekildiler.

Şol diýilýän maýa goýumlarynyň arasynda Dubaýdaky jaýlar we ofisler üçin tölenen 160 million dollar hem bar. Bu serişde dünýä boýunça gozganmaýan emlägiň bahasynyň 2007-nji ýylda ýetjek derejesine ýeten wagty harçlanypdyr. Gozgalmaýan emlägiň bahasy arzanlansoň, ol jaýlaryň bahasy hem aşak gaçdy we bankyň goýumlarynyň gymmatyny gaçyrdy.

Aýdylamagyna görä, Farnud hem özüne karz alypdyr, hem hökümet bilen baglanyşykly täsirli adamlara karz beripdir. Owganystanyň birinji wise-prezidenti Muhammad Fahimiň dogany Hasin Fahiminiň hem 100 million dollar karz alandygy aýdylýar. Bu bank geçen ýyl Karzaýyň prezidentlik kampaniýasyny maliýeleşdirmäge hem uludan kömek etdi, ýöne bu iş üçin harç edilen puluň mukdary belli däl. Karzaýyň dogany Mahmud hem bankyň paýdarlarynyň biri.

Aýdylýan bank ylalaşyklarynda Farnudyň öz operasiýalaryny ýaşyrynlykda amala aşyrandygy habar berilýär. Bu bolsa öz gezeginde onuň bankynyň şu günki gorunyň ýagdaýyny kesgitlemekde kynçylyk döredýär.

Kabul bankyndaky krizis hem ýönekeý owganystanlylaryň, hem hökmürowan elitanyň kejebesini daraldýar. Sebäbi bu bank az mukdarda pul tygşytlaýanlaryň, şol sanda jemgyýetçilik pudagynyň işgärleriniň, polisiýanyň we esgerleriň hem pul saklaýan ýeridi.

Halkyň reaksiýasy

2-nji sentýabrda bankyň şäher merkezindäki edarasynyň ýanynda interwýu alnan kabullylar bu krizis barada dürli-dürli pikirleri aýtdylar. Kabully Tela Ahmadzaý Azat Owganystan radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: «Biz bu bankyň Dubaýda zyýan çekendigini we bank ýolbaşçylarynyň arasynda oňuşmazlyklaryň bardygyny eşitdik. Men hökümet adamlara näme bolanyny düşündirmek we owgan banklarynyň ygtybarlylygyny saklamaga synanmak üçin mümkin bolan ähli zady eder diýip, umyt edýärin.»

Kabully Hafizulla bolsa şeýle diýdi: «Owganystanyň Merkezi Bankynyň başlygynyň beren maglumatyna görä, Kabul bankynyň hiç bir problemasy ýok. Ol ýerde diňe bank ýolbaşçylary çalşylypdyr. Ol metbugat arkaly adamlary ynandyrdy we men, Hudaý halasa, hemme zat gowy bolar diýip ynanýaryn.»

Merkezi bankyň resmisi Masud Han Musa Gazy Kabul bankynyň täze başlygy edilip bellendi. Kabul bankyndaky bidüzgünçilikler Owganystanda durnukly bank sistemasyny döretmek babatda Birleşen Ştatlar tarapyndan edilýän tagallalara urlan zarba boldy.
XS
SM
MD
LG