Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toni Bleýr hakda söhbet


Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr
Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr

Britaniýanyň öňki premýer-ministri Toni Bleýr we onuň kitaby "A Journey” barada "The Wall Street Journal Europe" gazetiniň redaktorynyň orunbasary Iain Martin bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran John O'Sullivan.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz ilki “The Scotsman” gazetiniň redaktory, soňra “The Daily Telegraph” gazetiniň redaktorynyň orunbasary, indi hem “The Wall Street Journal Europe” gazetiniň redaktorynyň orunbasary bolup, britan syýasatyny yzarlap gelýärsiňiz. Siz beýleki adamlar bilen birlikde ýurduň öňki premýer-ministri Toni Bleýre hem ýakyndan belet. Onuň ýaňy bir kitabynyň neşir edilmegi ýeke Britaniýada däl, eýsem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem halkara hadysasy boldy. Muny näme bilen düşündirip biljek? Toni Bleýriň halkara derejesinde beýle gyzyklanma döretmegine näme sebäp bolýar?

Iain Martin:
Meniň pikirimçe Toni Bleýr bir ýokary derejeli syýasy şahsyýet. Muny onuň duşmanlary hem boýun alýan bolsa gerek. Aýratyn-da Demirgazyk Amerikada 11-nji sentýabr wakasyndan soň ol amerikan prezidentiniň gapdalyndan aýrylmadyk egindeşi diýip tanalýar. Ondan soň gelnen dürli kararlaryň käbiri gowy kararlar bolmasa-da, ol Amerika we amerikan bähbitlerini gyşarnyksyz goldan adam hasaplanýar. Şol sebäpden hem amerikanlar oňa täsin galyp, kyn günlerde batyrlyk görkezen adam diýip garaýarlar.

Ýewropalylar, ylaýta-da ýewropa syýasatçylary oňa Britaniýanyň muňa görä tapawutly syýasatçysy bolar diýip garaşypdylar. Ol uruşlarda beýle tutanýerlilik bilen Amerikany goldar öýtmändiler. Ýöne onuň gazanan adatdan daşary syýasy üstünliklerini hem ýatdan çykarmaly däl. Bleýr ýaly üç gezek uly ýeňiş gazanyp, dünýä sahnasynda beýle uzak wagtlap galan ýolbaşylar köp däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Dublinde turan bidüzgünçilik ony, daşary ýurtlarda bolşy ýaly, Britaniýada halkyň o diýen halamaýanlygyny görkezdi. Britaniýada Bleýre garşy bu duýgular nireden gözbaş alýar?


Iain Martin: Bleýre garşy duýgulary döreden onuň Yrak urşy bilen baglanyşykly işleri. Onuň belli bir derejä çenli ýalan sözler bilen Britaniýany bikanun urşa çekenligi. Onuň garşysyna hatara düzülen güýçli topar bar. Londonda Bleýr harby jenaýtçy diýen pikirler ýok däl. Ýöne ýaňy geçirilen bir pikir soralyşygyň görkezmegine görä, britanlaryň ýarpysyndan gowragy oňa gowy syýasatçy diýýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Synçy Fraser Nelsonyň pikiriçe, Toni Bleýriň kitaby ony hiç bir ýurda bagly däl, dünýä syýasatçysy, täze globallaşan elitanyň “Birleşen Milletler Guramasy”, “Halkara Jenaýat Sudy” ýa şolar ýaly başga global organlaryň ýolbaşçysy edip görkezýär. Siziň pikiriňizçe, Bleýriň gelejegi üçin bu realistik ýolmy?

Iain Martin: Bu gaty gyzykly syn. Bleýriň özüne şeýle garaýandygyna şübhe ýok. Meniň pikirimçe, ol özüne bir global graždan diýip düşünýär. Bleýr dürli kontinentlerde bolmagy gowy görýär. Ýöne bu işiň bir jebis gelmeýän tarapy bar. Britaniýa indi bir ähmiýetli ýurt däl. Ol şindi-de möhüm, ýöne men Britaniýanyň siziň aýdýan global guramalaryňyza ýolbaşçylyk etmegine beýleki ýurtlar begener öýdemok. Mysal üçin, Toni Bleýr Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti bolmaga gaty meýillidi. Ýöne oňa bu işiň berilmejekdigi görnüp durdy. Ýewropanyň beýleki güýçli döwletleri Germaniýa we Fransiýanyň orta-sagçy hökümetleriniň muňa razylyk bermejekdigi bellidi. Bleýriň bir kontinentden beýleki kontinente gedip, maliýe maslahatlaryny bermegi, kä mahallar hem bir global roly ýerine ýetirmegi mümkin. Ýöne dünýäniň prezidenti diýilýän bir orun bolaýanda-da, ol Toni Bleýre ýetdirmez.
XS
SM
MD
LG