Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soros HRW guramasyna $100 million bagş eder


Belli maliýeçi we filantrop Jorj Soros Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda geçirilen konferensiýada, 26-njy aprel 2007-nji ýyl.
Belli maliýeçi we filantrop Jorj Soros Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda geçirilen konferensiýada, 26-njy aprel 2007-nji ýyl.

Belli maliýeçi we filantrop Jorj Soros adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasyna 100 million dollar maliýe serişdesini bagş etjekdigini yglan etdi.

Jorj Soros bu pul sadakasyny Human Rights Watch guramasynyň işiniň gerimini giňeltmek üçin bagş etjekdigini mälim etdi. Munuň özi taryhda adam hukuklaryny goraýjy gurama berlen iň uly pul sadakasydyr.

Human Rights Watch guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Kennet Rot jenap Sorosyň görkezen bu nusgasynyň dünýädäki beýleki filantrop adamlary hem ynsan hukuklary bilen bagly ideallary maliýe serişdeleri bilen goldamaga howeslendirer diýip umyt edýändigini belledi.

80 ýaşly Jorj Soros düýbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän Human Rights Watch guramasyna 10 ýylyň dowamynda beriljek bu puluň «synag ýardamy» boljakdygyny aýtdy.

Hepdäniň sişenbe güni bu barada «Roýter» habar agentligine beren interwýusynda jenap Soros: «Her ýylda 10 million dollar möçberinde 10 ýylyň dowamynda beriljek ýardam bu guramanyň özi hem beýleki çeşmelerden we beýleki ýurtlardan ýene azyndan 10 million dollar ýygnamak ugrunda tagalla eder diýen umyt bilen berilýär. Bu guramanyň Ýewropada eýýäm ýeterlik derejede berk bazasy bar. Emma Latyn Amerikada we Aziýada beýle bazany indi döretmeli bolup dur diýip, pikir edýärin» diýdi.

“Ýerliklidigine ynanýaryn”

Birleşen Ştatlaryň ýaşaýjysy we ýurduň Demokratik partiýasynyň çynlakaý tarapdary Jorj Soros şu çaka çenli adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasyny maliýeleşdirmek işini esasan Birleşen Ştatlardaky donor toparlaryň we şahsyýetleriň öz üstlerine alyp gelendiklerini aýdýar.

Ýöne ol soňky ýyllar ýurduň ozalky prezidenti Jorj Buşuň administrasiýasynyň alyp baran syýasaty netijesinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «ýokary moral standartyny» ýitirendigini we terrorizmde güman bildirilýän adamlar bilen baglanyşykly alyp baran syýasatynda halkara jemgyýetçiliginiň ýiti tankytlaryna sezewar bolandygyny nygtady.

Jorj Soros 1980-nji ýyllaryň başlarynda Human Rights Watch guramasynyň hepdelik ýygnaklaryna gatnaşyp, özüniň ynsanperwerlik işlerine başlandygyny ýatlamak bilen, bu gurama bagş etjek 100 million dollar serişdesiniň gurama tarapyndan ýerlikli ulanyljakdygyna ynanýadygyny belledi.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Ozaly bilen, men bu alnyp barylýan işiň ýerliklidigine örän düýpli ynanýaryn. Ikinjiden bolsa, bu guramany örän ýakyndan tanaýaryn. Şoňa görä-de, men bu guramanyň işiniň netijeliligine we onuň ozalky bar bolan ruhuny saklaýandygyna kepil geçip biljek».

Human Rights Watch

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň häzirki wagt 300 töweregi işgäri bar, olar hem öz gezeginde dünýäniň 90 töweregi ýurdundaky ynsan hukuklarynyň bozulamalary bilen bagly meseleler boýunça maglumatlary dokumentleşdirýärler.

Bu gurama özüniň hasabat taýýarlaýyş ulgamyndaky bar bolan boşluklary, şol sanda Afrika we Aziýa regionlary bilen bagly ýetmezçilikleri düzetmekde Jorj Sorosyň bagş eden bu pul ýardamynyň uly rol oýnajakdygyny mälim etdi.

Maglumatda Human Rights Watch guramasynyň aýry-aýry möhüm ýurtlar boýunça hasabat taýýarlajak we ýerli häkimiýetler hem-de žurnalistler bilen iş alyp barjak işgärler üçin täze iş orunlaryny açmaklygy planlaşdyrýandygy aýdylýar.

Wengriýada doglan Jorj Soros geçen ýyl «Forbes» žurnalynyň statistikasynda dünýäniň iň baý adamlarynyň arasynda 35-nji orunda boldy. Onuň şahsy maliýe emlägi 14 milliard dollar diýlip hasaplanylýar.

Ol özüniň Açyk Jemgyýet Fondunyň üsti bilen soňky ýyllar her ýylda gumanitar işler üçin ortaça 600 million dollar töweregi ýardam bermek bilen, jemi 8 milliard dollar töweregi serişde bagş etdi.
XS
SM
MD
LG