Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda saýlaw kampaniýalary başlanýar


Gyrgyzystanda parlament saýlawlaryna bir aý galandygy üçin şu gün saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýa resmi taýdan başlanýar.

Gyrgyz parlamentindäki 120 orna 29 syýasy bileleşik dalaş edýär. Olaryň arasynda Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetini dolandyrýan agzalaryň we oppozisiýa güýçleriniň partiýalary bar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa eger saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsdeşlik ýurduň territorial bitewüligine howp döretjek bolsa, Gyrgyzystanda adatdan daşary ýagdaýyň giriziljekdigini, saýlawlara taýýarlygyň togtadyljakdygyny duýdurdy.

Iýun aýynda ýurduň günortasynda bolan etnigara çaknyşyklarda ýüzlerçe adam ölüpdi.

Prezident Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirilenden soň kabul edilen Konstitusiýa laýyklykda Gyrgyzystan parlament respublikasy bolýar.
XS
SM
MD
LG