Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Türkmenistandaky kör çagalaryň aladasyny edýär


9-njy sentýabrda ÝHHG-niň Aşgabatdaky edarasy ýurtdaky körleriň we kerleriň jemgyýetine ýörite okuw enjamlaryny bagş etdi. Bu barada YHHG-niň ýaýradan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Bu guramanyň körler we kerler jemgyýetine bagş eden enjamlarynyň hatarynda kör çagalar üçin okuw kitaplaryny Braýal şriftinde çap etmäge mümkinçilik berýän enjam hem bar.

Bu ynsanperwerlik kömeginiň kör çagalaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak babatdaky ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň düzen ýörite proýektiniň çäginde amala aşyrylýandygy habar berilýär.

Bu proýekt ÝHHG-niň Ynsanperwerlik fondunyň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýär.
XS
SM
MD
LG