Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagşylara hormat


Türkmenistanda bagşylara üns berilmegi örän möhüm zat. Sebäbi bagşylar milletiň aýdym-saz sungatyny gorap hem ösdürip gelipdirler. Şeýle-de olar edebi-çeper ýadygärlikleriň saklanyp galmagyna, folkloryň ýaşamagyna şert döredipdirler. Şonuň üçin bagşy-sazandalaryň halk arasyndaky hormat-sylagy örän ýokarydyr.

“Biziň klassyky edebiýatymyzyň uly bölegi bagşylaryň dilinden ýazylyp alyndy. Bagşylara üns bermeli, eger mümkin bolsa türkmen aýdym-saz sungatynyň ýöreti akademiýasyny döretmeli hem bu ugurdan taryhy maglumatlara baý bolan ensiklopediýa döretmeli. Sebäbi türkmen halkynyň ýakyn taryhynda ençeme belli hem näbelli bagşy-sazandalar bolupdyr. Olaryň kimlerdigini öwrenmeli hem döredijiligi barada giň maglumat bermeli. Türkmenistanda dowam eden aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary düýpli seljerilmeli” diýip, Azatlyk Radiosynyň diňleýjileri teklip edýärler.

Bu sungat aýratynam aýry-aýry ýerlerde, has ösüpdir. Meselem, Ahalda beýle bir uly bolmadyk Kaka etrabyndan geçen ýüz ýyllykda ençeme belli aýdymçylar çykypdyr. Olardan owaly bilen Onbegi obasynda doglan Magtymguly Garlyny ýatlamak gerek. Bagşylar Artykmämmet Ymagyly, Nurjemal Adyýewa hem şol etrapdandyr. Soňraky belli aýdymçy Öwezgeldi Tekäýew hem Kaka etrabyndan ösüp ýetişen aýdymçy.

Türkmenistanyň professional saz sungatynyň ösmegine aýratyn goşant goşan, Türkmenistanyň halk artistleri, belli tenorlar Hojaw Annadurdyýew bilen Aýdogdy Gurbanowyň şol etrapdandygyny ýatlamak gerek.

70-80-nji ýyllarda belli aýdymçy Aýdogdy Gurbanow barada gürrüň edilende, onuň doglan obasyndan üç opera aýdymçysyyň ösüp ýetişendigini aýdýardylar. Aýdymçylar Nury Meredow bilen Goçmyrat Halmyradow hem Mehinli obasynda dünýä inipdi.


Akmuhammet Saparow "Razy men bu dünýäden" diýen aýdymy ýerine ýetirýär. Aýdymyň sözleri žurnalist Aşyrguly Baýryýewiňki.

Ýeri gelende aýtsak, belli estrada aýdymçysy Akmuhammet Saparow ýa-da halk arasynda atlandyrylyşy ýaly Akyş Sapar hem Mehinli obasyndandyr. Bizde şular ýaly guwandyryjy obalar ýeke däl, olar köp. Biz guwanmaly zadymyza guwanmagy başarmaly.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen yazyjysy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG