Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde Aştiýana raýdaşlyk demonstrasiýasy geçirildi


Parižde Eýranda biwepalykda aýyplanyp, daşlap ölürmek jezasyna höküm edilen iki çaganyň enesi Sakine Mohammedi Aştiýana raýdaşlyk demonstrasiýasy boldy.

Fransuz paýtagtynyň merkezinde bolan aksiýa müň töweregi adam gatnaşdy. Olaryň arasynda belli syýasatçylar, artistler bar.

Mundan öň eýranly zenana Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi goldaw bildirdi.

Hökümi ýerine ýetirmgi soňa goýandykdygyny eýran häkimiýetleri yglan edenem bolsa, höküm resmi taýdan ýatyrylmady.
XS
SM
MD
LG