Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna girýän ýurtlar şu gün Gazagystanda iki hepdelik harby tälim okuwyna başlady. Bu okuwa alty agzaly guramanyň 5-sinden 3 müňden gowrak esger gatnaşýar.
Gazagystanyň günortasyndaky Matybulak harby zonasynda geçirilýän harby maşklar neşe gaçakçylygyndan yslam jeňçiligine çenli aralykdaky regional howplara garşy durmaga taýýarlyk çärelerini öz içine alýar.
Gazagystanyň Goranmak ministrligi Orsetiň, Hytaýyň we Gazagystanyň türgenleşige müň esgerden iberendigini, Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň bolsa hersiniň 150 esger iberendigini aýtdy.
Harby okuwa Özbegistan hem çagyrylypdyr, emma ol esger ibermejegini aýdypdyr.