Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslam merkeziniň gurulmagy boýunça gapma-garşylyk


Yslam merkeziniň gurluşygyny goldaýanlar, gurluşyga ýol berip, ýene bir gezek Amerikanyň dünýäde dini erkinlige iň köp ýol açýan ýurtdugyny subut edip boljakdygyny aýdýarlar.
Yslam merkeziniň gurluşygyny goldaýanlar, gurluşyga ýol berip, ýene bir gezek Amerikanyň dünýäde dini erkinlige iň köp ýol açýan ýurtdugyny subut edip boljakdygyny aýdýarlar.

Geçen şenbe güni ABŞ-da 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amala aşyrylan terror hüjümleriniň ýyl dönümi bellenilende, şol terrorçylykly hüjümde Nýu Ýorkda ýok edilen Bütindünýä söwda merkeziniň golaýynda Yslam medeni merkeziniň gurulmagy bilen bagly mesele nýu ýorklulary iki topara bölüp, gapma-garşylygy emele getirdi.

Yslam merkeziniň gurulmagyny goldaýanlaryň hem-de bu teklibe garşy çykýanlaryň arasynda çekeleşikler emele geldi. Bu mesele bilen bagly iki topara bölünen adamlar biri-birine ýumruk bilen topulmasa-da, ýagdaýyň gaty dartgynly bolandygy habar berilýär.

Yslam merkeziniň gurluşygyny goldaýanlar, gurluşyga ýol berip, ýene bir gezek Amerikanyň dünýäde dini erkinlige iň köp ýol açýan ýurtdugyny subut edip boljakdygyny aýdýarlar. Yslam merkeziniň gurluşygyny makyllaýanlar bu gurluşyga rugsat bermek bilen ABŞ-nyň demokratiýanyň prinsiplerine wepaly bolup, bu meselä ýurduň näderejede goşant goşmaga taýýardygyny beýan edip biljekdigini öňe sürdüler. Yslam merkeziniň gurluşygyna garşy çykýanlar bolsa, bu gurluşygyň 11-nji sentýabr wakasynda heläk bolan adamlaryň hatyrasyna hormatsyzlyk boljakdygyny aýdýarlar.

31 ýaşly žurnalist Maýkl ýurtdaky sagçylaryň bu meseläni bilkastlaýyn dartgynlaşdyrýandygyny aýdýar: “Hakykatda, üns berseňiz, Nýu Ýorkda köp metjit bar. Guruljak yslam merkezine bolsa diňe metjidiň gurluşygy girmeýär. Bu mesele bilen bagly sagçy partiýalaryň hem sagçylar tarapyndan dolandyrylýan metbugatyň turzýan tozany adamlara şeýle täsir edýär”.

58 ýaşly arhitektor Patrik öň Bütindünýä söwda merkezi bolan ýeriň golaýynda yslam merkeziniň gurulmagyny goldamaýandygyny aýtdy: “Biz Nýu Ýorkda metjidiň gurluşygyna garşy ýöriş geçirýäris. Beýle gurluşyk terrorçylykly hüjümde heläk bolanlara biperwaý garaýandygymyzy görkezerdi. Teklibi öňe süren ymam radikal pikirli. Terror hüjümleriniň hem radikal ymamlaryň metjitdäki hereketleriniň netijesidigini biz bilýäris. Şonuň üçin şu ýerde ýene bir metjidiň gurluşygyna ýer ýok diýýäris”.

Nýu Ýorkda yslam merkeziniň gurluşygy baradaky teklip “Amerikanyň yslama garşy söweşmeýändigini” aýdan ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama tarapyndan goldanyldy. Bu teklibi Nýu Ýork ştatynyň häkimi Dawid Peterson we Nýu Ýork şäheriniň häkimi Maýkl Blumberg dagylar-da goldap çykyş etdiler.

Pikir soralyşyk

Ýöne bu mesele bilen bagly geçirilen soňky pikir soralyşygyň netijeleri şäheriň ýaşaýjylarynyň 60%-niň bu gurluşyga garşy çykýandygyny görkezdi.

Yslam merkeziniň gurluşygyny goldanlaryň ýörişi kommunistleriň Dünýä işçiler partiýasy hem aşa çepçi Halkara hereket merkezi tarapyndan gurnaldy. Bu teklibe garşy çykýanlaryň ýörişini bolsa konserwatiw syýasy partiýadyr-hereketleriň, şol sanda Goranmak inisiatiwasynyň merkezi hem Amerikanyň yslamlaşdyrylmagyny togtatmak baradaky gurama tarapyndan gurnalandygy aýdylýar.

Bu mesele bilen bagly soňky geçirilen pikir soralyşyk şäher ýaşaýjylarynyň Yslam merkeziniň gurluşygy baradaky teklip hakynda we bu merkeziň nirede guruljakdygy barada ýeterlik maglumatlarynyň ýokdugyny görkezdi.

Yslam merkeziniň gurluşygynyň Bütindünýa söwda merkeziniň duran ýerinde “Ground Zero” diýlip atlandyrylan ýerde planlaşdyrylmaýandygy, teklip edilýän Yslam merkeziniň hut dürli dinleriň arasynda barlyşygy ýola goýmaklyga hyzmat etjekdigini nýu ýorklularyň köpüsiniň bilmeýändigi belli boldy.

Soňky geçirilen pikir soralyşygyň netijeleri, şäheriň köp ýaşaýjylarynyň Yslam merkeziniň “Ground Zero” diýlen ýerden 10 blok uzaklykda gurulmagyna garşy däldigini hem görkezdi.

Merkeziň gurluşygyny goldaýan 32 ýaşly Kristin “Amerikanlylar bolup, biz adamlaryň dini erkinligini, ýygnanyşmak azatlygyny gorap saklamaly” diýýär. Gozgalmaýan emläk bilen meşgullanýan 52 ýaşly Alisa bolsa amerikanlylaryň hemmesini dini erkinlige, islän ýerde jaý gurup, öz dinine uýmak hukugynyň bardygyny aýdyp, ýöne yslam merkeziniň gurluşygy bilen ylalaşmaýandygyny nygtaýar.

“Belli bir zadyň edilmegine ygtyýarlyk berilýändigi, şol zadyň edilmeginiň dogrudygyny aňlatmaýar. Radikal musulmanlaryň taryhyna göz aýlasak, olar hemişe ýeňiş gazanan ýerlerinde metjit gurýarlar. Şonuň üçin bu ýerde metjidiň gurulmagyny olaryň öz ýeňşi hökmünde kabul etmekleri mümkin diýip, pikir edýäris, şol sebäpli hem şu ýörişe gatnaşýarys” diýip, Alisa aýdýar.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ýolagçy uçarlary bilen süsdürilip weýran edilen Bütindünýä söwda merkeziniň binalarynyň ýerleşen ýerine golaý ýerde Musulman medeni merkezini gurmak planlary bilen bagly 11-nji sentýabrda geçirilen bu ýöriş Yslam merkeziniň gurluşygy baradaky gapma-garşylygyň ABŞ-da ýakyn wagtlarda ýatyşmajakdygyny görkezdi.
XS
SM
MD
LG