Owgan prezidenti Hamid Karzaý şu gün pakistan liderleri bilen gepleşmek üçin Yslamabada geldi.
Pakistan resmileri bu gepleşiklerde iki ýurduň umumy serhetiniň boýundaky howpsuzlyk meseleleri barada maslahat ediljegini aýdýarlar.
Bu Karzaýyň Pakistana alty aýyň içinde edýän ikiji sapary bolup, owgan parlamentine geçiriljek saýlawlardan üç gün öň amala aşyrylýar.
Karzaýyň hökümeti Owganystandaky dürli toparlar, şol sanda Pakistan serehetine golaý ýaşaýan Talyban liderleriniň hem käbiri bilen ýaraşyk gepleşiklerini geçirmekçi bolýar.
Pakistan Owganystandaky ýaraşyk prosesine ýardam edip biljegini aýdýar.