ABŞ-nyň we Orsýetiň goranmak ministrleri Waşingtonda gepleşik geçirdiler hem özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler.
Robert Geýts hem Anatoliý Serdýukow Pentagonda duşuşdylar. Olar hususan goranmak meselelerinde bilelikdäki işçi toparyny döretmegi ylalaşdylar.
Şeýle komissiýany döretmek 2009-njy ýylyň iýulynda Obama hem Medwedew arasynda bolan gepleşiklerde öňe sürlüpdi.
Şertnama barada Orsýetiň goranmak ministri şeýle diýdi: “Soňky döwürde ABŞ-Nyň we Orsýetiň armiýasynda bolup geçýän özgerişler örän uly hem ynjyk diýmekçi bolýaryn. Ýöne täze döwrebap goşuny döretmek iňňän möhüm, onda-da 21-nji asyryň goşunyny. Biz öňde durýan meseleleri takyk hem düýpli maslahatlaşdyk”.
Şol işçi toparyň çäginde bu iki ministr ýylda azyndan bir gezek duşuşarlar. Bu Orsýetiň goranmak ministriniň soňky 5 ýylda ilkinji gezek Pentagona sapary boldy.