Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň gahrymany T.Gaýypbergenow aradan çykdy


Garagalpagystanyň we Özbegistanyň halk ýazyjysy, Özbegistanyň gahrymany Tulepbergen Gaýypbergenow 81 ýaşynyň içinde aradan çykdy diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy habar berdi.

“Salam, mugallym”, “Garagalpak gyzy” hem üç bölümden ybarat “Garagalpak kyssasy” eserleri bilen tanalýan Gaýypbergenow garagalpak metbugatynda uzak wagtlap dürli wezipelerde işledi.

Ol guramaçylyk işlerini hem alyp bardy. Ol Aralyň meselelerine köpçüligiň ünsüni çekdi.

Ýazyjynyň ölümine Özbegistanyň prezidenti, Parlamentiň iki öýüniň ýolbaşçylary, ýurduň premýer-ministri we beýlekiler gynanç bildiripdirler.

Tulepbergen Gaýypbergenow 15-nji sentýabrda Nukus şäherinde jaýlandy.
XS
SM
MD
LG