Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ýewropa gaz akdyrmak perspektiwalaryna ynanýar


Düýn türki dilli döwletleriň liderleriniň sammitiniň çäklerinde eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlykda türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak perspektiwalaryna hem ynanýandygyny aýtdy.

Bu barada türkmen prezidenti Stambulda geçirilen metbugat konferensiýasynda «Nabukko» gaz proýekti bilen bagly žurnalistleriň beren soraglaryna jogap berip eden çykyşynda belledi.

Türkiýäniň energetika ministri Taner Ýyldyz hem düýn Türkmenistanyň gazyny satyn almak islegini mälim edip, Türkiýäniň Türkmenistana öz tekliplerini ýollandygyny aýtdy.

Düýn türki dilli döwletleriň liderleriniň Stambulda geçiren sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň döwlet liderleri özara dialoglar we hyzmatdaşlyklar boýunça ýörite Geňeş döretmek barada karar kabul etdiler.
XS
SM
MD
LG