Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmed Zakaýew Polşada tussag astyna alyndy


Düýn Polşanyň polisiýasy Britaniýadan Polşa baran çeçen separatistleriniň lideri Ahmed Zakaýewi tussag astyna aldy.

Orsýet tarapyndan terrorçylykly işlerde aýyplanylýan Ahmed Zakaýew Orsýetiň halkara Interpol gullugyna gönderen haýyşy esasynda tussag edildi.

Ahmet Zakaýew bosgunlykdaky çeçenleriň halkara kongresine gatnaşmak üçin Britaniýadan Warşawa barypdy.

Orsýetiň häkimiýetleri ony 1990-njy ýyllarda rus harbylarynyň separatistik çeçen söweşijileri bilen alyp baran urşy döwründe terrorçylykly jenaýatçylyklary amala aşyranlykda aýyplaýarlar.

Ahmed Zakaýew 2003-nji ýylda Britaniýadan syýasy gaçybatalga alyp, şondan bäri bu ýurtda ýaşap gelýär.

Şu gün Polşanyň premýer-ministri Donald Tusk Zakaýewiň Orsýete ekstradisiýa ediljekdigi ýa edilmejekdigi barada indi Polşanyň sudunyň karar çykarjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG