Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň gurluşyk doňdurmasyny soňlamagy alada döredýär


Dünýä liderleri Ysraýylyň Günbatar kenarda gurulýan täze jaýlaryň gurluşygyny 10 aýlyk doňdurmak baradaky moratorini uzaltmazlygyndan lapykeç boldular.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun Ysraýlyň «prowakatiw» hereketlerinden alada bildirdi. Emma Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbasyň «sabyrlylyk» görkezişine ýokary baha berdi.

Abbas Parižde eden çykyşynda Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerini dowam etmelidigi ýa däldigi barada 29-njy sentýarda Ramallada palestin gepleşikçileri we 4-nji oktýabrda Kairde Arap ligasy bilen boljak gepleşiklerde karar etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG