Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara walýuta fondy belarus häkimiýetlerini tankytlady


Halkara walýuta fondy belarus häkimiýetleriniň ýurduň döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklaryny 30% ýokarlandyrmak baradaky planyny tankytlady.

Fonduň wekilleri Minskiň bu hereketiniň ykdysady sebäplere esaslanmaýandygyny aýdyp, onuň Halkara walýuta fondy bilen belarus häkimiýetleriniň özara gol çekişen ylalaşyklaryna çapraz gelýändigini nygtadylar.

Dördünji gezek prezidentlik wezipesine dalaş etmäge taýýarlyk görýän belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 27-nji sentýabrda býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň ýokarlandyryljakdygyny yglan etdi.

Prezident Lukaşenko 1-nji noýabrdan başlap ýurtdaky minimal aýylyklaryň möçberiniň hem 55% ýokarlanjakdygyny mälim etdi.

Aýlyklaryň ýokarlanmagynyň belarus býujetinden 2,3 millard dollara golaý çykdajy edilmegine getirjekdigi, netijede Belarusyň býujet defisitiniň iki esse ýokarlanjakdygy çak edilýär.

Belarusda geçirilmeli prezidentlik saýlawlary 19-njy dekabra bellenildi.
XS
SM
MD
LG