Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Kuril adalary Orsýetiň möhüm bölegi diýýär


Prezident Medwedew Ýuwaş okeandaky Kuril adalary Orsýetiň «gaty möhüm» bölegi diýdi. Bu adalar Orsýetiň Ýaponiýa bilen toprak dawasynyň merkezi bolup durýar.

Şeýle-de Medwedew basym bu adalara sapar etmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň daşary işler ministri Seýji Maehara Medwedewiň bu beýanatyny tankyt etdi we şeýle saparyň Orsýet bilen Ýaponiýanyň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etjegini aýtdy.

Ýaponiýanyň Hokkaýda adasynyň demirgazygynda ýerleşýän Kuril adalary 1945-nji ýylda sowet goşunlary tarapyndan basylyp alnaly bäri rus kontrollugynda saklanýar.

Ýaponiýa bu adalaryň yzyna berilmegini talap edip gelýär.
XS
SM
MD
LG