Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýaşulularyň halkara güni bellenilýär


1-nji oktýabrda Türkmenistan ýaşulularyň halkara gününi belledi.

Ýaşulularyň halkara gününiň bellenilmegi bilen bagly türkmen metbugatynda berlen maglumatlarda türkmenlerde öňden bäri ýaşululara hormat goýmak, olar bilen maslahatlaşmak dessurynyň bardygy nygtalýar.

Ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan kesilen pensiýalary dikeldipdi. Şeýle hem uruş weteranlarynyň, wepat bolan esgerleriň yzynda galan eneleriň we zenanlaryň pensiýalary ýokarlandyryldy.
XS
SM
MD
LG